Insaýder ýene ýarym ýyldan soň çykjak eplenýän iPhone-yň dizaýnyny şu wagt mälim etdi

  • 10.03.2026 23:46
  • 5.2k+

Apple kompaniýasynyň geljekki eplenýän smartfonynyň daşky görnüşi hakyndaky gürrüňler entek enjam tanyşdyrylmanka internetde uly gyzyklanma döredýär. «Sonny Dickson» lakamly insaýder hem X sosial ulgamyndaky sahypasynda iPhone Fold-uň taslama çyzgylaryny paýlaşdy. Çeşmäniň aýtmagyna görä, bu şekiller enjamyň dizaýnyna we çaklanylýan ölçeglerine öňünden baha bermäge mümkinçilik döredýär.

Maglumatda Apple-iň ekranyň eplenýän ýerini görünmez ýaly derejä ýetirmegiň üstünde işleýändigi aýdylýar. Onuň galyňlygy takmynan 0,15 millimetr, gyşarma burçy bolsa 2,5 gradus töweregi bolup biler. Beýleki modeller bilen takyk deňeşdirmekden ir hem bolsa, bu görkezijiler kompaniýanyň eplenýän smartfonlarda esasy mesele döredýän epin ýeri mümkin boldugyndan gizlejek bolýandygyny görkezýär.

Enjamyň resmi tanyşdyrylyşy güýzde bolar diýlip çaklanylýar. Şonda eplenýän iPhone-yň flagman modeler Phone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max bilen bir wagtda görkezilmegi-de juda ahmal.

«Sonny Dickson» ozal hem enjamlaryň resmi tanyşdyrylyşlaryndan esli wagt öňinçä olaryň şekillerini birnäçe gezek paýlaşypdy. Şolaryň arasynda iPhone 12, iPhone 13, iPhone 15, iPhone 15 Pro we akylly HomePod kolonkasynyň şekilleri hem bardy. Soňra bu maglumatlaryň köpüsiniň dogrudygy tassyklanyldy.

Maglumatlaryň arasynda geljekki iPhone Fold-uň bahasynyň takmynan 2000 dollardan başlap biljekdigi-de bellenilýär.


09.06.2026 23:04
2.7k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....