Lexus Hytaýda Maybach-yň äheňinde ES sedanynyň hoşlaşyk ýörite görnüşini hödürledi

  • 06.03.2026 18:08
  • 7.9k+

Lexus kompaniýasy Hytaý bazarynda ES sedanynyň «Moon Shadow» (Aý şuglasy) diýlip atlandyrylýan ýörite görnüşini tanyşdyrdy. Bu model, ilkinji nobatda, iki reňkdäki kuzowy bilen tapawutlanýar. Bu wersiýanyň çykarylmagy sedanyň häzirki nesliniň satuwynyň tamamlanmagy bilen baglanyşykly diýlip çaklanylýar.

Awtoulagyň kuzowynyň ýokarky bölegi kümüşsöw, aşaky bölegi bolsa goýy reňkde ýerine ýetirildi. Dizaýnerler beýle reňkleri gijeki deňziň ýüzündäki Aý şöhlesiniň öwüşgininden alypdyrlar. Ulagyň daşky görnüşini garaldylan radiator gözenegi we iki reňkli 18 dýuýmlyk tekerler has-da özüne çekiji edýär. Tehniki tarapdan awtoulagyň aýratynlyklary üýtgewsiz galdy, diňe töweregi doly görkezýän (360 graduslyk) kameralar goşuldy.

Bu ýörite görnüş 173 at güýjüne eýe bolan iki litrlik hereketlendiriji we wariator bilen enjamlaşdyrylan ES 200 modifikasiýasyna esaslanýar.

Lexus ES Moon Shadow-nyň bahasy 307 800 ýuana (takmynan 44,6 müň dollar) barabardyr. Bu bolsa adaty ES 200 Premium görnüşinden 8 müň ýuan gymmat bolsa-da, modeliniň iň ýokary toplumyndan ep-esli arzan diýmekdir. Lexus ES-iň täze, sekizinji nesliniň dünýä bazaryndaky satuwlaryna ýakyn aýlarda garaşylýar. Täze nesil täzelenen dizaýny, uly ölçegleri we diňe gibrid ýa-da elektromobil görnüşinde hödürlenjek hereketlendiriji hatary bilen tapawutlanar.


düýn 19:58
1k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......

düýn 19:49
1.9k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

düýn 16:58
1.8k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
5.7k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....