Oýun iş däl: NASA Aý maksatly «Artemis II» missiýasyny 1-nji aprele süýşürdi

  • 06.03.2026 14:44
  • 1.7k+

NASA agentligi Aý maksatnamasynyň ikinji tapgyry bolan «Artemis II» missiýasyny 1-nji aprelde amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu möhlet fewral aýynyň ikinji ýarymynda ýüze çykarylan tehniki bökdençlik sebäpli yza süýşürildi.

Taýýarlyk işleri wagtynda hünärmenler SLS raketasynyň aralyk basgançagynda geliý gazyny geçiriş ulgamynda näsazlygy anykladylar. Şol sebäpli, raketa «Orion» kosmos gämisi bilen bilelikde uçuş meýdançasyndan aýryldy. Mart aýynda uçuş üçin amatly bolan iki sany wagt aralygy 11-nji marta çenli ýapylýandygy sebäpli, agentlik indiki mümkinçiligi 1-nji aprel hökmünde kesgitledi.

PCMag we Ars Technica neşirleriniň maglumatyna görä, uçurylyşdan öň SLS raketasy we «Orion» gämisi taýýarlyk işlerini dowam etdirmek üçin gaýtadan uçuş meýdançasyna getiriler. Näsazlygyň esasy sebäbi turba geçirijisiniň birikdirilen ýerindäki dykyzlandyryjy gatlakda dörän zeper bilen baglanyşyklydyr. Inženerler abatlaýyş işlerinden soň geliý gazyny pes tizlikde barlag üçin goýberdiler we häzirki wagtda goşmaça barlaglary dowam etdirýärler.

«Artemis» maksatnamasynyň birinji tapgyry 2022-nji ýylda amala aşyrylypdy: şonda «Orion» gämisi ekipažsyz Aýyň daşyndan aýlanyp, Ýere gaýdyp gelipdi. «Artemis II» missiýasynda bolsa Aýa üçüsi ABŞ-dan we biri Kanadadan bolan dört sany kosmonawt iberiler. Gämi Ýeriň hemrasynyň daşyndan aýlanar we takmynan on günden soň ekipažy yzyna getirer. Eger uçurylyş 1-nji aprelde hem başa barmasa, indiki mümkin bolan seneler hökmünde 3-nji aprel bilen 6-njy aprel aralygy görkezilýär.


düýn 23:32
2.9k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......