FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň resmi posterini görkezdi

  • 05.03.2026 16:07
  • 5.9k+

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi posterini neşir etdi. Bu şekil guramanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Ýaryş şu tomusda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler.

Bellenilişi ýaly, dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilkinji gezek posteri döretmek üçin birbada üç sany suratkeşiň tagallalary birleşdirildi. Bu taslamanyň üstünde kanadaly Karson Ting, meksikaly Minerwa GM we amerikaly Henk Willis Tomas dagy işlediler.

FIFA-nyň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, ýaryşyň resmi posteri hyzmatdaşlyk ruhuny, ýaryşyň joşgunyny we şu üýtgeşik pursadyň agzybirligini dabaralandyrýar.

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty 11-nji iýunda başlap, 19-njy iýulda tamamlanar.


şu gün 09:11
1k+

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.4k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
10k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......