Xiaomi dakylýan elektron enjamlar bazarynyň lideri boldy

  • 04.03.2026 10:55
  • 1.6k+

Omdia seljeriş kompaniýasynyň habaryna görä, geçen ýylyň netijeleri boýunça Xiaomi kompaniýasy satuwyň 18%-ini eýeläp, dakylýan elektronika bazarynyň lideri boldy.

Bu sanawda Amerikanyň tehnologiýa läheňi Apple 17% bilen ikinji, Hytaýyň Huawei kompaniýasy bolsa 16% bilen üçünji orny eýeledi.

Bazaryň beýleki gatnaşyjylary bilen tapawut has gözeilginç boldy we Samsung we Garmin degişlilikde 9% we 5% paý aldylar.

Seljerijiler bazaryň esasy işjeňlik trekerleri, esasy sagatlar we akylly sagatlar ýaly üç segmentini belleýärler. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende önümleriň ählisinde hem ösüş gazanylan bolsa-da, depginleri deň bolmady. Şunlukda işjeňlik trekerleri 19%, esasy sagatlar 3%, akylly sagatlar 3% ösdi.

Satuw göwrümi boýunça esasy sagatlar segmenti iň göwrümli bolmagynda galýar. Bazaryň ösmegi ulanyjylaryň dakylýan elektronika we saglyk trekingine bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär. Şol bir wagtda bäsdeşlik hem ýokary bolmagynda galýar we ilkinji üç kompaniýa tutuş bazaryň deň ýarysyny diýen ýaly özlerine baglaýarlar.


17.06.2026 11:15
2.8k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

09.06.2026 23:04
3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......