MIT-iň inženerleri 3D-printerde elektrik welosipediniň hereketlendirijisini çap etdiler

  • 02.03.2026 15:10
  • 3k+

Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) üç sagadyň dowamynda 3D-çap etmegiň bir tapgyrynda doly işleýän elektrik hereketlendirijisini döretdiler diýip, institutyň metbugat gullugy habar berýär. Täze tehnologiýa komponentleri ýygnamak tapgyryny doly aradan aýryp, bäş dürli materialdan enjam döretmäge mümkinçilik berýär.

Luis Fernando Welaskes-Garsiýanyň ýolbaşçylygyndaky topar printeri üýtgedip, ony dört sany ekstruder bilen enjamlaşdyrdy. Enjam bir wagtda magnitli we geçiriji sapaklary, tok geçirmeýän plastigi we geçiriji syýalary ulanýar. Detallar gatlak-gatlak emele gelýär. Şunlukda daşarky tapgyr diňe elementleri magnitlemek bolup galýar. Ony hem geljekde önümçilik tapgyryna goşmak meýilleşdirilýär.

Häzirki tapgyrda inženerler robototehnikada we konweýer ulgamlarynda ulanylýan çyzykly hereketlendiriji döretdiler. Önümi elektrik welosipedlerde ulanmak üçin awtorlar usuly öwrüliş güýjüni döredýän rotor ulgamlaryny çap etmäge uýgunlaşdyrmaly bolarlar. Bilermenleriň maglumatlaryna görä, çap edilen prototip energiýa netijelilik boýunça meňzeş gidrawlik hereketlendirijilerden eýýäm öňe geçýär.

Tehnologiýanyň ösdürilmegi hereketlendirijileriň ýokary udel kuwwatyna we kiçi agramyna ýetmäge gönükdirilendir. Ozal 3D-çap etmek diňe mis dolamalary ýaly aýry bölekleri öndürmek üçin ulanylýardy. Täzeligiň köpçülikleýin önümçiligi üçin çap edilen gurluş ulgamlarynyň çydamlylygyny we tygşytlylygyny tassyklamak gerek bolar.


07.06.2026 19:44
1.1k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.5k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.6k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....

10.05.2026 11:51
8k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......