Nissan Pathfinder modeli iki görnüşde çykarylar – hem krossower, hem wnedorožnik

  • 02.03.2026 14:31
  • 3.1k+

Nissan kompaniýasy özüniň häzir krossower bolan Pathfinder modelini täze ramaly wnedorožnik (ýolsuz ýerler üçin niýetlenen) bilen bilelikde satuwda saklamagy meýilleşdirýär diýlip, Automotive News neşiri habar berýär. Iki awtomobil hem ýeke-täk täjirçilik ady bilen satuwa çykarylar.
Neşiriň maglumatyna görä, ramaly (rama esasly) nusgasynyň önümçiligi 2029-njy ýylyň ortalaryna meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde, öndüriji häzirki hereket edýän, ýük göteriji kuzowly krossoweriň nobatdaky täzelenişini geçirer. Täze ramaly ulag has burçly we "agras" dizaýna eýe bolar. Tehniki taýdan bu awtomobil benzinli içinden ýandyrylýan hereketlendiriji we gibrid güýç beriji ulgamy bilen üpjün ediler.
Brendiň bu strategiýasy önümleri dürli maksatly toparlar üçin anyk kesgitlemäge gönükdirilendir. Krossower has oňaýlylyga we rahatlyga üns berýän maşgalaly alyjylar üçin hödürlener. Ramaly model bolsa ýolsuz we kyn şertlerde sürmegi halaýanlar üçin niýetlener.
Kompaniýanyň ýolbaşçylary bu iki nusganyň bazarda näçe wagtlap bilelikde galjagyny geljekdäki isleglere görä kesgitlärler.
Belläp geçsek, geçen ýylyň güýzünde Pathfinder-iň häzirki nesli täzelenipdi. Awtomobil üýtgedilen radiator gözenegine, täze bamperlere, kämilleşdirilen yşyklandyryş ulgamyna we döwrebaplaşdyrylan salon enjamlaryna eýe boldy.


24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....