BMW ýangyn howpy zerarly 59 müň awtomobilini yzyna ýygnaýar

  • 02.03.2026 14:15
  • 2.5k+

BMW konserni klimat ulgamynyň simlerinde ýüze çykan kemçilik sebäpli Demirgazyk Amerikada 5-nji we 7-nji seriýaly awtomobillerini yzyna çagyrmak çäresini yglan etdi diýip, Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň Milli administrasiýasy habar berýär.
Simleriň ýerleşişindäki säwlik, salonyň süzgüji (filtri) çalşyrylan wagty olaryň zeperlenmegine sebäp bolup bilýär. Bu bolsa gysga utgaşma we ýangyna eltip biljek töwekgelçiligi döredýär.
Hyzmat ediş çäresine 2023–2026-njy ýyllar aralygynda öndürilen ulaglar degişlidir. Sanawa M5 sedany we uniwersaly, i5 we i7 elektrik modelleri, şeýle hem BMW 550e we 750e gibrid görnüşleri girdi. Barlagdan geçmeli ulaglaryň umumy sany takmynan 59 müňe ýetýär.
Kompaniýanyň wekilleriniň düşündirmegine görä, bu näsazlyk öndürilen ulaglaryň diňe 0,1%-inde duş gelmegi mümkin. Hünärmenler ähli ulaglary gözden geçirerler we kemçilik ýüze çykarylan ýagdaýynda simleri çalşarlar. Näsazlyklaryň öňüni almak üçin bolsa awtomobillere goşmaça berkitme elementleri gurnalar. Öndürijiniň maglumatyna görä, häzirki wagta çenli bu sebäpli ýangyn, heläkçilik ýa-da şikes ýetme ýagdaýlary hasaba alynmady.


01.06.2026 10:57
2.7k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.4k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....