Gijäň bir mahaly gelýän jaň iPhone ulanyjylaryny gorkuzdy: Apple-iň maslahaty

  • 02.03.2026 10:55
  • 5.7k+

iPhone-da gaty geň, hatda, jady-tilsime meňzeş bökdençlikler peýda boldy. Hytaýdaky ulanyjylar telefonlarynyň gijelerine, takmynan sagat 02:00 töwereklerinde öz-özünden jaň edip başlaýandygyny habar berdiler.

Enjamyň eýeleriniň biri jaň sesinden we: «Jaň eden abonentiňiz wagtlaýynça elýeterli däl» diýen sesli habardan oýanandygyny gürrüň berdi. Geň ýeri, şol pursatda zarýad almaga goýlan enjamyň ekrany gulply, özem uky tertibine geçirilendi. Ulgamy iOS 26.1 wersiýasynda işleýän telefondan jaň edilýän belgi bolsa, gündiz zat sargamak üçin habarlaşylan çapara degişlidi.

Habarlara görä, bu bökdençlik diňe iPhone 17-ä däl-de, has köne modellere hem täsir edýär. Apple-yň bilermenleri bu meseläni birnäçe enjamyň bir Apple ID arkaly sinhronlanmagy, şeýle hem işjeň widžetler, sesli ýygym funksiýasy, kontaktlary gözlemek we geçirlen jaňlara awtomat jogap bermek bilen baglanyşdyrýarlar.

Kompaniýa ulanyjylara iPhone-y iOS 26.3-e çenli täzelemegi maslahat berýär. Ulgamyň täze wersiýasynyň öz-özünden jaň etmek meselesini düzetjekdigi habar berilýär. Wakany başdan geçiren ulanyjylara täzelemeden öň işjeň widžetleri we sesli ýygym sazlamalaryny barlamagy maslahat berýärler.

iOS 26.3 täzelenmesi telefonyň standart sazlamalary arkaly elýeterlidir we öň gijelerine jaň edilmegine getirip biljek enjamlaryň awtomat hereketleri bilen bagly adatdan daşary ýagdaýy aradan aýyrmak üçin niýetlenendir.


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...