Volkswagen müşderilerine iki million elektromobil gowşurdy

  • 01.03.2026 21:56
  • 3.6k+

Volkswagen jemi 2 million satylan elektromobil görkezijisine ýetdi. Ýubileý awtomobili Germaniýanyň Swikkau şäherindäki zawodda öndürilen we Drezden şäherindäki Gläserne Manufaktur merkezinde eýesine gowşurylan ID.3 modeli boldy.
Kompaniýanyň bu netijä ýetmegi üçin 13 ýyl wagt gerek boldy: marka 2013-nji ýylda e-up! we e-Golf modelleri bilen köpçülikleýin elektrikleşdirme işine başlapdy, soňra bolsa ýöriteleşdirilen MEB platformasyna geçdi.
Satuwyň esasy bölegini ID maşgalasyna degişli bolan şu üç model üpjün etdi:

  • ID.4 — takmynan, 901 000 sany satylmak bilen, sanawyň absolýut lideri boldy.
  • ID.3 — MEB platformasyndaky ilkinji model bolup, 628 000 nusgasy satyldy.
  • ID.7 — flagman sedan we uniwersal bolup, 2023-nji ýyldan bäri 132 000 müşderiniň islegini kanagatlandyrdy.

Kompaniýa brendiň Germaniýanyň we Ýewropanyň bazarlarynda öňdebaryjy ornuny saklaýandygyny belleýär. Ýakyn geljekdäki meýilnamalarda model hataryny täzelemek göz öňünde tutulýar. Eýýäm 2026-njy ýylda Volkswagen dört sany täze modeli çykarmagy meýilleşdirýär, olaryň iň esasysy ykjam ID. Polo elektrokary bolar.


14.05.2026 11:11
4.5k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.5k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.8k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.2k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......