NASA Aýa gonmagy 2028-nji ýyla çenli yza süýşürdi

  • 28.02.2026 16:14
  • 2.1k+

NASA ýarym asyrdan bäri ilkinji gezek astronawtlary Aýa düşürmegi 2027-nji ýyldan 2028-nji ýyla geçirdi. Karar «Artemis» Aý maksatnamasynyň düýpli guralmagy we ekipažy Aýyň üstüne ugratmazdan ozal howpsuzlyk ulgamlarynyň goşmaça barlaglaryny geçirmegiň zerurlygy bilen baglydyr.

Täzelenen tertibe 2027-nji ýyla bellenen täze «Artemis III» missiýasy-da goşuldy. Aýa gonmagyň deregine, ol Ýeriň töweregindäki orbitada örän möhüm tehnologiýalary kämilleşdirmäge gönükdiriler. Astronawtlar «Orion» gämisinde SpaceX we Blue Origin kompaniýalarynyň gonýan modullary bilen birnäçe gezek birleşip barlag geçirerler, şeýle hem ýaşaýyş üpjünçilik ulgamlaryny we täze skafandrlary barlarlar.

Şeýlelikde indi Aýa gönümel gonmak 2028-nji ýyldaky «Artemis IV» missiýasyna berkidildi.

Şol bir wagtda, iň ýakyn tapgyra — «Artemis II»-niň çäginde Aýyň daşyndan aýlanmaga taýýarlyk adaty tertipde dowam edýär. Dört adamdan ybarat ekipažly kosmos gämisiniň uçurylyşyny öňümizdäki aprel aýynda geçirmek bellenildi.


düýn 10:51
796

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.2k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....