Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär.
Bu karar taslamanyň çykdajylarynyň örän ýokarylygy we sarp edijileriň tarapyndan şeýle ulaglara bolan islegiň pesligi bilen düşündirilýär.
Brendiň strategiýasyndaky özgerişler barada kompaniýanyň ýolbaşçysy we ýerine ýetiriji direktory Stefan Winkelman mälim etdi. Onuň sözlerine görä, 2030-njy ýyla çenli Lamborghini-niň ähli modelleri gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylar, emma adaty içinden ýandyrylýan hereketlendirijileriniň önümçiligi mümkin boldugyça uzak wagtlap dowam etdiriler. Mundan ozal tanyşdyrylan we 2028-nji ýylda çykarylar diýlip garaşylan Lanzador elektrik awtoulagy indi öndürilmez.
«Bu karar bir ýyldan gowrak dowam eden içerki ara alyp maslahatlaşmalaryň, müşderiler we dilerler bilen geçirilen gepleşikleriň, şeýle hem bazaryň global derňewiniň netijesinde kabul edildi» — diýip, Stefan Winkelman belledi. Ýolbaşçynyň pikiriçe, bazar we müşderiler heniz taýýar däl mahaly, doly elektrikleşdirilen ulaglara maýa goýmak öte gymmat düşýän bir «güýmenje» boljak, üstesine-de bu paýdarlaryň, işgärleriň hem-de olaryň maşgalalarynyň öňünde maliýe taýdan geleňsizlik etdigimiz bolar.
Volkswagen Group-yň düzümine girýän kompaniýa 2025-nji ýylyň jemi boýunça 10 747 awtoulag satyp, rekord goýdy. Bu üstünlige Revuelto, Urus we Temerario gibrid modelleri uly goşant goşdy. Umumy oňyn görkezijilere garamazdan, ABŞ-nyň bazarynda satuwlaryň takmynan 10% peselendigi bellenilýär.