Aýnadaky ...ýatkeşlik? Microsoft maglumatlary «ebedi» saklamagyň ugruny tapdy

  • 25.02.2026 06:26
  • 2.2k+

Microsoft-yň barlagçylary Project Silica taslamasynyň çäginde femtosekund lazerleriniň kömegi bilen borosilikat aýnasynda arhiw maglumatlaryny saklamak ulgamyny döretdiler. "Nature" žurnalynyň habar bermegine görä, bu tehnologiýa maglumatlary hatda 290 gradus Selsiý gyzgynlykda hem 10 000 ýyla çenli okalýan görnüşde saklamaga mümkinçilik berýär.

Microsoft Research hünärmenleri laboratoriýa enjamlarynda ulanylýan elýeterli aýnany ulandylar. Maglumat ýazgy işi lazer şöhlesiniň kömegi bilen materialyň döwülme görkezijisini üýtgetmek arkaly amala aşyrylýar. Ýazgy tizligi sekuntda 65,9 megabite deňdir. Maglumatlary okamak bolsa mikroskopyň we alnan suratlaryň koduny açýan ýörite programma üpjünçiliginiň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.
Taslamanyň esasy aýratynlyklary:

  • Durnuklylyk: Project Silica taslamasynyň ýolbaşçysy Riçard Blegiň sözlerine görä, aýna gyzgynlyga ýa-da mehaniki täsirlerine durnuklydyr we maglumatlary ýitirmän saklaýar.
  • Energiýa tygşytlylygy: Maglumat göterijisine (aýna) ýazgylary gorap saklamak üçin hiç hili energiýa gerek däl.
  • Sygymy: Inženerler filmleri we sazlary arhiwlemäge ukyply doly awtomatlaşdyrylan ulgamy görkezdiler. Ýazgy dykyzlygy 301 gatlak ulanylanda her kub millimetre 1,59 gigabite ýetýär.

Häzirki wagtda kompaniýa bu tehnologiýany satuwa çykarmak meýilnamalary barada entek yglan etmedi.


09.06.2026 23:04
2.7k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......