Toyota RAV4-leri adam şekilli robotlar ýygnap başlady

  • 25.02.2026 06:12
  • 4k+

Toyota kompaniýasynyň Kanadadaky zawodynda Agility Robotics tarapyndan işlenip düzülen ýedi sany Digit atly gumanoid (adam şekilli) roboty işe girizildi. Bir ýyllyk synag möhletinden soň, bu robotlar RAV4 krossowerleriniň ýygnalyş prosesine doly goşuldy diýip, TechCrunch neşiri habar berýär.

Robotlar esasan ýük daşamak amallarynda ulanylýar. Olar awtomatlaşdyrylan arabalar arkaly ussahana getirilýän ätiýaçlyk şaýly konteýnerleri düşürýärler. Bu bolsa önümçilik depginini çaltlandyrmaga we işgärleriň fiziki agramyny azaltmaga ýardam edýär. Robotlar Arc bulut hyzmaty arkaly uzakdan dolandyrylýar.
Agility Robotics eýýäm özüniň Digit robotlaryny Amazon ýaly elektron söwda ägirtlerine we dürli logistika kompaniýalaryna hödürleýär. Kompaniýanyň bellemegine görä, robotlary bar bolan önümçilik ulgamyna ornaşdyrmak köplenç olary satyn almakdan hem gymmat düşýär. Şol sebäpli, robotlaryň netijeliligini artdyrmak üçin emeli aň tehnologiýalary işjeň ulanylýar.
Gumanoid robotlara diňe awtomobil senagaty däl, eýsem beýleki pudaklar hem uly gyzyklanma bildirýär. Mysal üçin, dünýäniň iň uly çip öndürijisi TSMC hem öz fabriklerinde Agility robotlaryny ulanmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda hünärmenler adamlaryň golaýynda has howpsuz we sazlaşykly işläp biljek robotlaryň täze nesliniň üstünde işleýärler.


düýn 21:54
1.6k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......