ChatGPT-de 20 dollarlygy az, 200-ligi gymmat görýänler üçin 100 dollarlyk nyrhnama peýda bolar

  • şu gün 14:19
  • 516

ChatGPT web goşundysynyň kodunda aýda 100 dollar bahasy bolan täze Pro Lite tarif nyrhnamasy baradaky maglumatlar tapyldy. Bu barada OpenAI-niň täzeliklerinden takyk maglumatlary paýlaşmakda tanalýan barlagçy Tibor Blaho habar berdi.

Häzirki wagtda OpenAI-yň mugt, 8 dollarlyk Go, 20 dollarlyk Plus, 200 dollarlyk Pro, şeýle-de toparlaýyn Business we Enterprise meýilnamalaryndan ybarat bäş sany tarifi bar.  Plus we Pro nyrhanamalarynyň arasyndaky bahada 10 esse aratapawut köplenç ulanyjylaryň arasynda närazylyk döremegine getirýär. Sebäp Plus tarifiiniň limitleri ýetmeýän ulanyjylar birden on esse köp pul tölemäge mejbur bolýarlar. Pro Lite edil şu aralykdaky boşlugy doldurmaga niýetlenendir.
Backend-API jogabynda onuň nyrhy (salgyt bilen bilelikde) aýyna 100 dollar diýlip takyk görkezilipdir. Häzirlikçe onuň funksiýalaryň dizaýny Pro tarifiniňkä meňzeş: iň oňat modelleriň çäksiz ulanyşy, kämilleşdirilen sesli režim (Advanced Voice Mode), birinji derejeli Codex agenti we surat/wideo döretmek üçin maksimal limitler.
Munuň häzirlikçe diňe taslama görnüşinde bolmagy-da mümkin. Ahyrynda hödürlenjek mümkinçilikler Pro tarifindäkiden biraz üýtgeşikräk-de bolup biler.
OpenAI häzirlikçe täze nyrhnamanyň girizilýänini resmi taýdan yglan etmedi. Ýöne töleg sahypasynyň koduň içinde eýýäm taýýar durmagy bu nyrh meýilnamasynyň ýakyn wagtda işe girizilip bilinjekdigini görkezýär.


düýn 23:31
904

Apple emeli aňa iPhone-da internetsiz işlemegi öwredýär

Apple kompaniýasy Ferret-UI Lite atly 3 milliard parametrli, gysga göwrümli emeli aň modeliniň barlagyny çap etdi. Model maglumatlary serwerlere ibermezden, göni enjamyň özünde işlemäge niýetlenendir. Şeýle-de ol  programmalaryň interfeýsindäki elementleri tanamaga we ulanyjynyň adyndan hereketleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr...

düýn 09:41
4.3k+

90-a golaý ýurt emeli aňyň täsiri baradaky jarnama gol çekdi

Nýu-Delide geçirilen sammitiň netijeleri boýunça emeli aňyň täsiri baradaky jarnama kabul edildi. Bu barada Hindistanyň Elektronika we maglumat tehnologiýalary ministrligi habar berdi.  Jarnama jemi 88 ýurt we halkara guramasy tarapyndan goldanyldy...

20.02.2026 17:00
3.6k+

Hindistan $200 mlrd maýa goýum bilen dünýäniň EA-hasaplama merkezine öwrülmegi maksat edinýär

Hindistan hökümeti geljek iki ýylyň dowamynda emeli aň infrastrukturasyna 200 milliard dollardan gowrak maýa goýumyny çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada maglumat tehnologiýalary ministri Aşwini Waişnaw Nýu-Delide geçen «Emeli aňyň täsiri» sammitindäki çykyşynda aýtdy...

16.02.2026 20:11
1.3k+

Hindistanda ChatGPT-niň hepdelik işjeň ulanyjylarynyň sany 100 milliona ýetdi

Hindistan ChatGPT-niň hepdede 100 million işjeň ulanyjy görkezijisine ýetdi. Bu görkeziji ýurdy ABŞ-dan soň OpenAI kompaniýasynyň dünýädäki ikinji uly bazaryna öwürdi. Bu barada Nýu-Delide geçirilýän emeli aň boýunça hökümet sammitiniň öňüsyrasynda OpenAI-yň baş direktory Sem Altman habar berdi...