Altyn bazarynda soňky bäş ýylyň netijeleri: Kimler aldy, kimler satdy?

  • 14.02.2026 19:24
  • 12k+

2020-nji ýyldan bäri altynyň bahasy 230%-den gowrak ýokarlandy. Bu ýagdaý dünýäniň merkezi banklaryny öz gorlaryny işjeň doldurmaga mejbur etdi. Häzirki wagtda altyn diňe bir "howpsuz ätiýaçlyk" däl, eýsem dollara garaşlylygy azaltmak we geosyýasy töwekgelçiliklerden goranmak üçin strategik aktiw hökmünde kabul edilýär.

Soňky bäş ýylyň içinde iň iri 15 satyn alyjy öz altyn gorlaryny jemi 2000 tonna golaý artdyrdy.

  • Hytaý: 350 tonnadan gowrak altyn satyn alyp, sanawda birinji orny eýeledi. Bu ädim Pekiniň ätiýaçlyklary diwersifikasiýalaşdyrmak we Günbatar maliýe ulgamyna bolan garaşlylygy azaltmak strategiýasynyň bir bölegidir.
  • Polşa: Öz gorlaryny 300 tonnadan gowrak artdyryp, Ýewropada iň işjeň alyjy boldy.
  • Türkiýe we Hindistan: Hümmetsizlenmä we walýuta bökdençliklerine garşy gorag hökmünde altyn satyn almagy dowam etdirýärler.
  • Beýleki ýurtlar: Azerbaýjan, Braziliýa, Ýaponiýa, Tailand, Wengriýa, Singapur we Russiýa hem öz ätiýaçlyklaryny ep-esli mukdarda artdyran döwletleriň hataryna girdi.

Käbir ýurtlar ykdysady zerurlyklar sebäpli altyn gorlaryny satmagy makul bildiler:

  • Filippinler: Gorlaryny 65 tonnadan gowrak azaltdy.
  • Gazagystan we Şri-Lanka: Döwlet maliýe durnuklylygyny (likwidligi) saklamak üçin altyn ätiýaçlyklarynyň bir bölegini satdylar.
  • Germaniýa we Şweýsariýa: Bu ýurtlar öz gorlarynda ujypsyz üýtgeşmeler etdiler, bu bolsa olaryň altyn dolandyryşynda örän ätiýaçly we konserwatiw strategiýany ulanýandyklaryny görkezýär.

31.01.2026 03:24
14k+

Altyn bilen kümüş birden arzanlady

Gymmatbaha metallaryň bazary rekord derejedäki ösüşini bes edip, birdenem pese gaçdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Gymmatbaha metallaryň arzanlamagyna ilkinji nobatda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň Kewin Uorşy Federal Rezerw Ulgamynyň (FRU) başlygy wezipesine hödürleýänligi baradaky habarlaryň netijesinde dollaryň güýçlenmegi sebäp boldy...

15.10.2025 15:43
12k+

Altynyň bahasy ýene taryhy rekordy täzeledi, kümüş hem gymmatlamagyny dowam etdirýär

Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 4200 dollardan geçdi. 14-nji oktýabrda söwdanyň dowamynda Nýu-Ýorkuň haryt biržasynda (COMEX) gymmatly metal üçin dekabr fýuçersleri 1,12% ýokarlanyp, iň ýokary derejesinde bir unsiýa üçin 4210 dollara ýetdi...

şu gün 00:06
1.9k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......

düýn 23:49
2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berdi

17-nji aprelde Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işlere badalga bermek dabarasy boldy. Çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy......