Muny diňe Apple başarýar! Çykanyna 23 ýyl bolan iBook G4 noutbugy häzirem täzelemeleri kabul edýär

  • düýn 22:29
  • 1.3k+

Baryp, 2003-nji ýylda çykarylandygyna garamazdan, Apple iBook G4 noutbugynyň heniz hem Apple-iň resmi serwerlerine birigip, täzeleme bukjalaryny indirip bilýändigi mälim boldy. 

Bu model üçin resmi howpsuzlyk goldawy 2011-nji ýylda bes edilipdi, ýöne Apple ençeme ýyl soň hem noutbugyny işletmek kararyna gelenler üçin köne düzedişleri saklamagyny we paýlamagyny dowam etdirýär.
Deňeşdirmek üçin aýtsak, häzirki wagtda Windows 98 derejesindäki ulgamy Microsoft-yň resmi serwerleri arkaly täzelemäge synanyşsaňyz, biderek wagt ýitirdigiňiz bolar. Çünki bu goldaw bireýýäm öçürildi.  Apple bolsa mundan 20 ýyldan hem öň çykan macOS ulgamlary üçin faýllaryň elýeterliligini saklap gelýär.
Ulanyjylar ýene-de bir möhüm aýratynlyga — iBook G4 noutbugynyň hiç hili apparat üýtgetmesiz döwrebap Wi-Fi torlaryna birigip bilýändigine üns berdiler.
Bu ýagdaý Apple-iň öz önümleriniň uzak ömürliligi we köne enjamlaryň programma üpjünçiligini saklamakdaky aýratyn çemeleşmesini görkezýär. 2026-njy ýylda 23 ýaşly noutbugyň işleýändigini görmek tehnologiýa muşdaklary üçin hakyky täsinlikdir.


17.02.2026 13:06
801

Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi...

08.02.2026 19:04
4.2k+

Mämişi — üstünligiň öwüşgini: iPhone-yň Hytaýdaky satuwynyň «uçmagyny» täze reňkden görýärler

Bilermenler Hytaýda täze iPhone 17 telefonlaryna bolan uly hyrydarlygy enjamyň «kosmik mämişi» (cosmic orange) atly täze reňkdäki görnüşiniň peýda bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Bu marketing göçüm, Hytaý häkimiýetleriniň smartfonyň täze emeli aň funksiýalaryny ulanmaga rugsat bermändigine garamazdan, Apple-e söwdasyny artdyrmaga mümkinçilik berdi...

06.02.2026 14:14
781

Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy

Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir...

04.02.2026 09:14
2.5k+

Eplenýän iPhone Fold Apple-iň taryhyndaky iň uly akkumulýatora eýe bolar

Apple-iň öňümizdäki güýz paslynda özüniň ilkinji eplenýän smartfony bolan iPhone Fold modelini çykarmagy meýilleşdirýändigi öňden belli. Indi üpjünçilik zynjyryndan alnan täze maglumatlara görä, täze model kompaniýa üçin rekord dereje bolan 5500 mAs göwrümli akkumulýatora eýe boljakdygy anyklanyldy...