Honda özbaşdak gonmagy başarýan ilkinji hususy uçarynyň nusgasyny görkezdi

  • 21.02.2026 15:42
  • 4k+

Iki motorly Honda Elite II reaktiw uçary öz segmentinde Garmin-iň adatdan daşary awtomatik gonuş ulgamy üçin ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýa müdiriýetiniň sertifikatyny alan ilkinji uçar boldy. Bu barada Honda Aircraft kompaniýasy habar berýär. Bu tehnologiýa adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda uçara awtonom usulda gonmaga mümkinçilik berýär.
Öndürijiniň maglumatynda aýdylyşy ýaly, Garmin EAL ulgamy iň amatly aerodromy saýlamak üçin meteoşertleri, ýeriň relýefini, galan ýangyjy we uçuş-gonuş zolagynyň göwrümini seljerýär. Enjam uçuş ölçegini özbaşdak sazlaýar, uçary ýere tarap ugradýar we doly saklanýança tormoz ulgamyny işjeňleşdirýär. Ulgam ýörite düwmäni basmak arkaly ýa-da uçarmanyň tarapyndan hiç hili täsir bolmadyk ýagdaýynda awtomatiki usulda işjeňleşýär. Şol bir wagtyň özünde, toplum bolup geçen waka barada howa hereketini dolandyryş gulluklaryna habar berýär.
Gonuş funksiýasyndan başga-da, bu model 2024-nji ýyldan bäri Garmin Autothrottle awtomatik dartyş güýjüni dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylýar. Bu tehnologiýa uçuşyň ähli tapgyrlarynda hereketlendirijileriň iş tertibini kadalaşdyrýar. Honda Aircraft-yň wekilleriniň bellemegine görä, EAL we Autothrottle ulgamlarynyň bilelikde ulanylmagy ekipažyň agramyny azaldýar we uçary bir uçarmanyň dolandyrmagyna mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda kompaniýa beýleki bazarlaryň kadalaşdyryjy edaralaryndan hem bu çözgütler üçin degişli sertifikatlaryna garaşýar.

 


şu gün 11:22
541

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
215

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
1.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.4k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......