Floridada kenara zyňylan girdenek kaşalotlarda bakteriýanyň nämälim görnüşleri ýüze çykaryldy

  • 21.02.2026 15:50
  • 5.3k+

Floridanyň Atlantik uniwersitetiniň ýanyndaky Harbow-Branç okeanografiýa institutynyň hünärmenleri girdenek kaşalotlaryň organizmlerinde Helicobacter urugyna degişli, ylma ozal nämälim bolan üç sany bakteriýa genotipini tapdylar. Bu barada Journal of Wildlife Diseases neşirinde aýdylýar.
Mikroorganizmleriň bu görnüşleri Kogia Helicobacter 1, 2 we 3 diýlip belgilendi.
Netijeler 1999–2020-nji ýyllar aralygynda Floridanyň kenaryna zyňlan haýwanlaryň dokumalarynyň arhiw nusgalarynyň seljermesine esaslanýar.
Kaşalotlaryň heläk bolan 59 ýagdaýynyň 80%-inde patologoanatomiki barlaglar geçirildi we dört sany kaşalotyň aşgazanynyň diwaryndan Spiral görnüşli bakteriýalar tapyldy. Anyklamanyň gidişinde gistopatologiýa, molekulýar diagnostika we DNK-sekwirleme usullary ulanyldy.
Ilkinji iki genotip genetiki taýdan adamlar we deňiz doňuzlary üçin mahsus bolan görnüşlere meňzese-de, üçünji görnüş has tapawutly ewolýusion tohuma degişli. Barlaglar ABŞ-nyň Milli Okeaniýa we atmosfera gullugynyň gatnaşmagynda geçirildi.
«Şu görnüşli dowamly ýokanç keseller diňe bir aýry-aýry jandarlaryň saglygyna däl, eýsem tutuş populýasiýalaryň, aýratyn hem ejiz görnüşleriň ýagdaýyna täsir etmäge ukyplydyr» diýip, işiň uly awtory Enni Peýj belledi.


şu gün 10:51
49

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.7k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.4k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....