Ferrari işgärlerine jomartlyk bilen bonus eçilýär

  • 20.02.2026 09:06
  • 6.6k+

Italiýanyň meşhur sport awtoulag öndürijisi bolan Ferrari 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça işgärlerine rekord möçberde premiýa tölejekdigini habar berdi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Benedetto Winýa mälim etdi.

Ferrari-niň 2025-nji ýyldaky işi örän täsirli maliýe netijelerini görkezdi. Ýyl boýunça 13 640 awtoulag satyldy. Bu 2024-nji ýyldakydan 112 ulag azdyr. Muňa garamazdan, kompaniýanyň umumy girdejisi 7% artyp, 7,1 milliard ýewra ýetdi.
Operasion peýda 12% ösüş bilen 2,1 milliard ýewro boldy.
Kompaniýanyň 5 müňe golaý işgäri 14 900 ýewra çenli pul baýragyny alarlar. Bu mukdar Ýewropada täze "Fiat Grande Panda" ýaly tygşytly awtoulagyň bahasyna barabardyr.
Benedetto Winýa kompaniýanyň geljekki birnäçe ýyl üçin strategiki meýilnamalaryny hem aýan etdi. 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen ähli awtoulaglar eýýäm satyldy (sargyt edildi). 2027-nji ýylyň buýurmalar bukjasy hem doly diýen ýaly kemala geldi. 2030-njy ýyla çenli azyndan 20 sany täze model tanyşdyrylar.
Onýyllygyň ahyryna çenli awtoulaglaryň 80%-i dürli derejedäki gibrid (mehaniki we elektrik) hereketlendirijili, 20%-i bolsa doly elektrikli bolar.
Ferrari-niň taryhyndaky ilkinji doly elektrikli modeli bolan Luce-niň resmi tanyşdyrylyşy şu ýylyň maý aýynda bolar.


düýn 16:47
2.4k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

24.03.2026 09:33
2.4k+

Seýrek duş gelýän Ferrari FXX K giperkary €5 mln baha bilen auksionda satylar

RM Sotheby's 2018-nji ýyldaky Ferrari FXX K giperkaryny auksionda satmagy meýilleşdirýär. Awtoulagyň deslapky satuw bahasy 5,2–5,7 million ýewro aralygynda kesgitlenýär. Bu awtoulaglardan diňe 40 sanysy öndürilipdir...

16.03.2026 09:53
2.6k+

Mazda Ferrari-niň ilkinji elektromobiliniň çykarylmagyna päsgel bermek bilen haýbat atýar

Mazda kompaniýasy Ferrari-niň özüniňki bilen adybir elektromobilini çykarmak meýilnamasyny yglan edeninden bary-ýogy bir aý soň, «Luce» haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin arza berdi. Bu barada Awstraliýanyň «Carexpert» neşiri habar berdi...

13.03.2026 17:49
8.1k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...