Audi meşhur dört halkasyz ilkinji krossowerini gyşky synaglara çykardy

  • 20.02.2026 08:59
  • 2.4k+

Audi kompaniýasy Hytaýyň SAIC konserni bilen bilelikde döreden täze AUDI E7X krossoweriniň gyşky synag suratlaryny çap etdi. Bary-ýogy birnäçe aýyň içinde konseptual (taslama) modelden hakyky ýollarda synag edilýän wersiýasyna öwrülen bu ulag Audi-niň Hytaý bazaryndaky täze strategiýasyny aňladýar.

Ulagda däp bolan Audi elementleriniň ýerine has döwrebap we futuristik çözgütler ulanylypdyr. Adaty dört halkanyň ýerine kapotda ýalpyldaýan täze "AUDI" ýazgysy bar. Radiator gözeneginiň ýerini jebis panel tutýar we bamperde işjeň howa gapaklary oturdylypdyr.
Üçekde awtonom dolandyryş üçin lidar ulgamy ýerleşýär. Şeýle hem adaty aýnalaryň ýerine sanly gapdal aýnalar hödürlener.
Tekerleriň merkezindäki gapaklar Rolls-Royce ulaglaryndaky ýaly, teker aýlananda hem hereketsiz duran görnüşde bolmagy mümkin.
Krossower özüniň äpet ölçegleri bilen tapawutlanýar - uzynlygy: 5049 mm; teker bazasy: 3060 mm (bu bolsa salonyň örän giňdigini aňladýar).
Bäş adamlyk standart görnüşden başga-da, has oňaýly iki sany aýratyn yzky oturgyçly wersiýasy hem bolar.
AUDI E7X iki sany dürli güýç ulgamy bilen sertifikatlaşdyryldy: Standart: 408 at güýji, öň tekerleri hereketli.
Top-wersiýa: 680 at güýji, ähli tekerleri hereketli (AWD). 0-dan 100 km/s tizlige 5 sekuntda ýetýär. Maksimal tizlik: 230 km/sag. Batareýa: 100 ýa-da 109,3 kWt/sag kuwwatlylyk.
Bir gezekki zarýad bilen 615-den 751 km-e çenli ýol söküp bilýär.


09.05.2026 13:31
2.2k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...