Antarktidanyň kenarýakalarynda ilkinji gezek akula göründi

  • 19.02.2026 21:38
  • 8k+

Awstraliýaly alymlar topary Antarktikanyň suwlarynda, Günorta Şetland adalarynyň golaýynda ilkinji gezek akulanyň bardygyny hasaba aldy. Bu barada Associated Press habarlar agentligi habar berýär.
Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň professory Alan Jeýmison: «Biz ol ýerde akula göreris diýip garaşmandyk, sebäbi Antarktikada akulalar ýok diýen umumy kabul edilen ylmy garaýyş bardy» diýip belledi. Onuň aýtmagyna görä, akula, takmynan, 490 metr çuňlukda ýörite barlag enjamyna oturdylan kameranyň kömegi bilen wideo düşürildi. Bu ýerde suwuň temperaturasy Selsiý boýunça 0 gradusa golaýdyr.
Deňziň düýbi bilen «pessaýlyk bilen ýüzüp barýan» akulanyň boýy 3-4 metr töweregi diýlip hasaplanylýar. Professor onuň kiçi göwrümli akula däldigini belleýär. Jeýmison Antarktidanyň kenarýakalarynda kitleriň we äpet kalmarlaryň galyndylary bilen iýmitlenýän beýleki akulalaryň hem bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.
Akula aslynda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda kamera düşürilen hem bolsa, uniwersitet diňe şu hepde maglumatlary we suratlary köpçülige ýaýratmaga rugsat berdi.
Mundan öň alymlaryň diňe Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň we Günorta Afrikanyň kenarýakalarynda, Ýuwaş, Hindi we Atlantik ummanlarynyň günorta künjeklerinde ýaşaýan Antarktika polýar akulalary barada habary bardy. 


17.06.2026 11:34
6.1k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

15.06.2026 22:20
5.8k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 16:12
4.6k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

09.06.2026 07:41
11k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......