Mask aşa çalt öwrenmek aýratynlygy bolan Grok 4.2 neýroulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi

  • 19.02.2026 14:25
  • 2.2k+

​Ilon Mask xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen uly dil modeliniň täzelenmesi bolan Grok 4.2 wersiýasynyň çykandygyny habar berdi. Neýroulgam eýýäm köpçülikleýin beta-testirleme görnüşinde ulanyjylara elýeterlidir.

​Grok 4.2-niň esasy aýratynlygy — onuň aşa çalt öwrenmäge bolan ukybydyr. Maskyň aýtmagyna görä, model maglumatlary has çalt işläp taýýarlamaga we iş prosesinde kämilleşmäge ukyply bolar. Şeýle hem ol neýroulgamyň her hepde täzelenip durjakdygyny habar berdi. Bu täzelenmeler resmi üýtgeşmeler sanawynyň (changelog) çap edilmegi bilen utgaşdyrylar.
​Maskyň sözlerine görä, häzirki testirleme tapgyry önümiň ösmeginde möhüm orun tutýar, sebäbi bu işläp düzüjilere ulanyjylardan yzyna dolanyşyk (seslenme) almaga mümkinçilik berýär.

​«Geljek aýda köpçülikleýin beta-testirleme tamamlanýança, Grok 4.2 modeli Grok 4-den takmynan on esse has akylly we çalt bolar. Her gün köp sanly ýalňyşlyklary düzedişler we gowulandyrmalar girizilýär. Köpçülikleýin beta-testirleme bize göz öňünde tutmaly bolan has möhüm seslenmeleri berýär» — diýip, Mask belledi.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

14.05.2026 20:49
2.6k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....