Apple TV-de ýaryş möwsüminiň öňüsyrasynda Formula-1 kanaly açyldy

  • 19.02.2026 13:39
  • 764

Formula-1 boýunça dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň başlamagyna sanlyja günler galanda, Apple TV platformasynda bu ýaryşlara bagyşlanan aýratyn kanal işe girizildi. Bu täzelik Apple-iň ABŞ-da "Formula-1" ýaryşlaryny görkezmek üçin gol çeken bäş ýyllyk şertnamasynyň we bu sport baradaky täze çykan çeper filmiň uly üstünliginiň netijesidir.

Häzirki wagtda täze bölümde erkin türgenleşikleriň, kwalifikasiýalaryň we esasy ýaryşlaryň (Gran-pri) göni ýaýlymlary üçin ýörite bölümler; ýaryş hepde-soňunyň (weekend) öňüsyrasynda çykýan ýörite gepleşikler; 2025-nji ýyl möwsüminiň iň gyzykly pursatlary we 2026-njy ýylyň täze reglamenti baradaky synlar ýerleşdirildi.
Meýilnamadaky "Event Schedule: Sky Sports" belgisi Apple-iň öz hususy studiýasyny we kommentatorlaryny däl-de, halkara derejesinde meşhur bolan Sky Sports-yň taýýar signalyny we teswirlerini ulanjakdygyny görkezýär. Bu usul ozal ESPN tarapyndan hem üstünlikli ulanylypdy.
Apple käbir ýaryşlary we synlary mugt görkezmegi meýilleşdirýär. Emma doly mümkinçilik F1 TV Premium hödürlenýär. Apple TV abunalygynyň düzüminde elýeterli boljak bu bukja ähli Gran-prileri görmäge rugsat berýär.
Sürüjileriň ulagyndaky kameralara göni birikmek we toparlaryň özara radiogepleşiklerini real wagt tertibinde diňlemek mümkinçiligi hem bar.
Ýaryşlaryň ilkinji tapgyry geljek aýda Awstraliýada geçiriler, şol wagt täze kanal hem doly güýjünde işläp başlar.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......