«Ýyldyz söweşleriniň» muşdaklary üçin «Mandalorly we Grogu» filminiň treýleri çykdy

  • 18.02.2026 23:38
  • 1.7k+

Lucasfilm we Disney kompaniýalary «Ýyldyz söweşleri» franşizasy boýunça meşhur «Mandalorly» serialynyň epiki soňlanmasy boljak «Mandalorly we Grogu» (The Mandalorian and Grogu) doly metražly filminiň treýlerini hödürledi.
Treýlerde Din Jarin bilen onuň ýaşyl reňkli kiçijik ýoldaşy Grogunyň başdangeçirmelerinden täsin kadrlar görkezilýär. Olar ýykylan Galaktika imperiýasynyň galyndylary, Hattlaryň sindikatynyň agzalary bilen ýüzbe-ýüz bolar. Şeýle-de, olar nobatdaky ýerli söweşde iki oduň arasynda galar we dürli planetalaryň täsin ýaşaýjylary bilen duşuşar.
Kadrlardan görnüşi ýaly, «Mandalorly we Grogu» filminiň muşdaklar üçin täsirli, özüne çekiji we gyzykly film bolmagyna garaşylýar.
Ýatladyp geçsek, filmde Pedro Paskal ýene öz keşbine gaýdyp geler. Onuň bilen birlikde ekranda Sigurni Uiwer, Jeremi Allen Uaýt we Jonatan Koýn hem peýda bolar.
Filmiň dünýä kinoteatrlaryndaky premýerasy 22-nji maýda bolar.


düýn 23:54
1.2k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....