Amerikaly ýaşaýjy lotereýada 22 ýyllap şol bir sanlary saýlap, 3,5 mln dollar utdy

  • 18.02.2026 19:43
  • 7.6k+

Amerikanyň Ogaýo ştatynyň ýaşaýjysy 22 ýyllap şol bir lotereýa sanlaryny ulanyp, ahyrynda jekpot utmagy başardy. «Classic Lotto» saýtynyň habar bermegine görä, fewral aýynyň başynda satyn alnan bilet oňa köp garaşylan uly utuşy getirdi.
Bu adam hemişe ýat tutan 6-8-16-20-26-45 sanlar utgaşmasyny ulanýar eken. Amerikaly ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, bu sanlar şu wagta çenli oňa diňe ownuk baýraklary getiren hem bolsa, ol özüniň «tutanýerliligi» sebäpli şol bir sanlary ulanmagyny dowam etdiripdir.
Onuň 4-nji fewralda satyn alan bileti oňa 3,5 million dollar möçberinde utuş getirdi. Ol gazanan puluna basseýni bolan jaý satyn almagy we öýünde türgenleşik zalyny gurmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem, bu bagty çüwen adam utuşdan soň işinden hem çykyp ýetişdi.


düýn 10:59
6.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
4.9k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.9k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....