Apple iOS 26.4-i hödürledi: Saz äleminde emeli aň we habarlaşmakda ýokary gorag

  • 18.02.2026 09:48
  • 1.4k+

Apple işläp düzüjiler üçin iOS 26.4 operasion ulgamynyň ilkinji beta-wersiýasyny çykardy. Oňa multimedia, howpsuzlyk we aragatnaşyk ulgamlary üçin täze funksiýalar goşuldy. Ulanyjylar üçin ol resmi taýdan 2026-njy ýylyň ýazynda elýeterli bolar.

Apple saz we wideo hyzmatlaryna emeli aňy (AI) işjeň ornaşdyrýar. Apple Music-de peýda bolan Playlist Playground funksiýasy tekst buýruklary arkaly pleýlistleri döretmäge mümkinçilik berýär. Algoritmler ulanyjynyň şol wagtky şähdine ýa-da isleg bildirýän žanryna görä sazlary awtomatiki saýlaýar.
Apple Podcasts indi wideo-podkastlary awtonom (oflaýn) tertipde ýüklemegi goldaýar. Täze pleýer bolsa audio we wideo formatlarynyň arasynda bökdençsiz geçişi üpjün edýär.


Apple kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlaryň gizlinligi baradaky talaplaryny has-da berkitdi. 
Ogurlanan enjamlary goramak funksiýasy indi standart hökmünde elýeterli bolar. Ol telefon ogurlanan ýagdaýynda şahsy maglumatlara girişi iň pes derejä düşürýär.
RCS habarlarynyň şifrlenmegi: RCS (Rich Communication Services) protokoly arkaly ugradylýan habarlar üçin "uçdan-uja" (end-to-end) şifrlemek ulgamy synagdan geçirilip başlandy. Bu ädim iMessage däl ulanyjylar bilen hem ýazyşmalaryň iň ýokary gizlinligini üpjün eder.
Apple Account: Hasaplary dolandyryş merkezi abunalara we şahsy sazlamalara has aňsat gözegçilik etmek üçin bir bitewi dizaýna eýe boldy.
ÝB-niň regulýatorlarynyň talaplaryna laýyklykda, Apple öz ekoulgamyny "ýat" enjamlar üçin has-da açyk etdi. Apple-den bolmadyk aksessuarlar we akylly sagatlar indi iPhone bilen has gowy integrasiýa bolar. Munuň üçin ýakyn aralykda utgaşdyrma tehnologiýasy ulanylar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.2k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...