YouTube adblock ulanýan ulanyjylardan teswirleri we wideonyň düşündirişlerini gizläp başlady

  • 17.02.2026 15:36
  • 1.4k+

​YouTube mahabat bloklaýjylaryny ulanýanlara garşy çärelerini güýçlendirdi. Hyzmat diňleýjileriň bir bölegi üçin teswirler we wideonyň düşündirişleri bölümini çäklendirmäge başlady. Bu ýagdaýa AndroidAuthority çeşmesi üns çekdi.

​Soňky günlerde forumlaryň we Reddit platformasynyň ulanyjylary wideolaryň aşagynda «Teswirler öçürilen» diýen habarnamanyň peýda bolýandygyny habar berýärler. Çäklendirmeler ulanyjylaryň giň toparyna, şol sanda brauzerleriň içine gurlan mahabat bloklaýjylaryny (mysal üçin, Brave) ulanýanlara hem täsir etdi.
​Şeýle-de, käbir ulanyjylar üçin wideonyň düşündiriş bölümi hem elýetersiz boldy. Bu mesele bilen diňe bir mugt hasaplaryň eýeleri däl, eýsem, mahabat bloklaýjysy işjeň bolan ýagdaýynda hatda YouTube Premium abunaçylary hem duş gelýärler.
​Torlardaky habarlar bu çäklendirmeleriň hut şu hili guralaryň ulanylmagy bilen baglanyşyklydygyny görkezýär. Birnäçe ýagdaýlarda, bloklaýjy öçürilenden soň teswirler täzeden elýeterli bolýar. Bu bolsa platformanyň mahabat görmezlikden gaçýan ulanyjylar üçin funksionallygy maksatly ýagdaýda çäklendirýändigini subut edýär.
​Mundan ozal Google-yň YouTube Music-de tölegli abunasy bolmaly ulanyjylar üçin aýdymlaryň tekstlerine girişi çäklendirip başlandygyny habar beripdik.


16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
4k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.6k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......