YouTube 21 ýaşady: Startapdan iň uly wideoplatforma çenli ýol

  • 16.02.2026 15:36
  • 1.7k+

​21 ýyl ozal YouTube wideolary ýüklemek we görmek üçin ýönekeý hyzmat hökmünde işläp başlady, bu gün bolsa dünýädäki iň uly wideoplatforma hasaplanýar. Bu wagtyň içinde ol tutuş internetiň, media senagatyň we diňleýjileriň endikleriniň ösmegine ep-esli täsir etdi.

​Hyzmat 2005-nji ýylyň fewralynda PayPal-yň öňki üç işgäri — Stiw Çen, Çad Herli we Jawed Karim tarapyndan işe girizildi. Başda taslama tanyşlyk saýty hökmünde meýilleşdirilipdi, emma ulanyjylar oňa adaty wideorolikleri ýükläp başladylar.
​Birinji wideony 2005-nji ýylyň 23-nji aprelinde peýda boldy — bu Jawed Karimiň San-Diýego haýwanat bagyndan düşüren 19 sekuntlyk roligidi.
​Eýýäm ýylyň ahyryna çenli platforma her gün, takmynan, iki million tomaşaçy girýärdi.
​Çalt ösüş Google-yň ünsüni çekip, ol 2006-njy ýylyň noýabrynda YouTube-y 1,65 mlrd dollara satyn aldy. Şondan soň hyzmat işjeň ösüp başlady: HTML5-iň peýdasyna Flash-dan ýüz öwürdi, YouTube Kids-i we mahabatsyz tölegli abunalygy işe girizdi, YouTube TV-ni we awtorlar üçin monatizasiýa gurallaryny hödürledi.
​Wagtyň geçmegi bilen platforma gysga wideolar bolan YouTube Shorts-y goşdy, dizaýnyny üýtgetdi we dezinformasiýa hem-de mahabat bökdençliklerine garşy çäreleri güýçlendirdi. Şu günki gün YouTube diňleýjileriň we sanly gurşawyň täze talaplaryna uýgunlaşmagyny dowam etdirýär.


16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
4k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.6k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......