Näçe sany iPhone iOS 26-a geçdi? Apple statistikasyny paýlaşdy

  • 16.02.2026 09:50
  • 1.6k+

​Apple kompaniýasy iOS 26 operasion ulgamynyň ýaýradylmagy baradaky ilkinji resmi hasabatyny hödürledi. Maglumatlar App Store programmalary dükanyndaky ulanyjy işjeňligine esaslanýar we 2026-njy ýylyň 12-nji fewralyndaky ýagdaýy görkezýär.

​Kompaniýa adatça statistikany iki topara bölýär: degişlilikde, täze iPhone modelleri we umuman ähli ugurdaş enjamlar. Bu çemeleşme ulanyjylaryň ulgamyň täze wersiýasyna geçiş tizligine baha bermäge mümkinçilik berýär.
​Soňky dört ýylda çykarylan iPhone-laryň arasynda iOS 26 enjamlaryň 74%-inde gurnaldy. Eger ähli ugurdaş modeller hasaba alynsa, täze wersiýany ulanýanlaryň paýy 66%-e deňdir. Galan smartfonlar ulgamyň öňki wersiýalarynda işlemegini dowam etdirýärler ýa-da täzelemäni goldamaýarlar.
​Geçmiş bilen deňeşdirilende, ornaşdyrylyş depgini birneme peseldi. Deňeşdirmek üçin, iOS 17 we iOS 18 çykanlaryndan soňra meňzeş döwürde täze enjamlarda 76% derejesine ýetipdiler. Analitikler munuň esasy sebäbi hökmünde birnäçe modelleriň goldawynyň bes edilmegini görkezýärler.
​iOS 26 operasion ulgamy iPhone XS, iPhone XS Max we iPhone XR modelleri üçin elýeterli däl. Netijede, işjeň ulanyjylaryň bir bölegi ulgamyň öňki wersiýalarynda galdy, bu bolsa umumy görkezijilere täsir etdi.
​iOS 26 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykdy. Depginleriň peselmegine garamazdan, Apple operasion ulgamlaryň täzeleniş tizligi boýunça öňdebaryjylaryň biri bolmagynda galýar.


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...