Google indi EA-modellerine Disney gahrymanlarynyň suratlaryny döretdirmeýär

  • 14.02.2026 18:16
  • 1.1k+

Google-yň emeli aň modelleri Disney gahrymanlary bilen baglanyşykly tabşyryklary ret edip başlady. Üýtgeşmeler dekabr aýynda Disney-iň kompaniýany intellektual eýeçilik hukuklaryny bozmakda aýyplamagyndan soň başlandy.
Studiýanyň pikiriçe, Google-yň emeli aň önümleri meşhur gahrymanlaryň keşplerini tekst soraglary boýunça ýokary hilli suratlary döredýän «wirtual söwda awtomaty» ýaly ulandylar. Gürrüň meşhur fransizalaryň gahrymanlary bolan Ýoda, Dart Weýder, Demir adam we Winni-Puh barada gidýär. Şu günden başlap, tekst arkaly şeýle suratlary döretmek synanyşygynda Google-yň emeli aň modelleri, şol sanda Gemini we Nano Banana: «Men häzirki wagtda kontent üpjünçileriniň beýleki tarapynyň aladalary sebäpli siziň haýyş eden suratyňyzy döredip bilmeýärin. Haýyş edýärin, soragyňyzy üýtgediň we gaýtadan synanyşyň» diýen ýaly jogaplary berýärler.
Muňa garamazdan, ulanyjylar gahrymanyň fotosuratyny ýükläp, ony tekst arkaly üstüni ýetirse, Google-yň emeli aň hyzmatlary Disney bilen baglanyşykly suratlary döretmegi  dowam etdirýär.
Kompaniýalaryň arasyndaky gapma-garşylyk dekabrda, Disney-iň Google-a awtorlyk hukuklarynyň bozulmagyny we emeli aň modelleriniň studiýanyň materiallarynda tälim berilmegini bes etmegi talap edýän 32 sahypalyk hat ugratmagy bilen başlandy. Mundan ozal Disney birnäçe aýlap öz nägileligini bildirse-de, hiç hili netije bermändi. Duýduryş Disney-iň OpenAI bilen 1 milliard dollarlyk lisenziýa ylalaşygyny baglaşan döwri bilen bir wagtda diýen ýaly ugradylypdy.
«Biziň Disney bilen uzak möhletli we özara bähbitli gatnaşyklarymyz bar we hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etdireris. Biz öz emeli aňlarymyzy döretmek üçin açyk internetdäki hemmelere elýeterli maglumatlary ulanýarys we saýtlara hem-de hukuk eýelerine öz kontentlerine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän Google-extended we YouTube üçin Content ID ýaly goşmaça awtorlyk hukugy gurallaryny işläp düzdük» — diýip, Google-yň wekili bu ýagdaý barada düşündiriş berýär.


19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......