Ýaponiýaky awtobezeg ussahanasy Toyota Century-ni sport "lybasyna geýindirdi"

  • şu gün 14:11
  • 755

Ýaponiýanyň Tom’s Racing týuning (awtobezeg) studiýasy Toyota Century lýuks sedanyny döwrebaplaşdyryp, oňa has sport we agras görnüş berdi. Bu täzelik adaty durnuklylygy we asudalygy aňladýan Century modeliniň imijini düýpli üýtgedýär.

Atelýeniň hünärmenleri ulagyň aerodinamikasyny we daşky görnüşini täze öň we yzky bamperler, özboluşly gapdal "etekleri", bagažyň gapagynda ýerleşdirilen ykjam we owadan spoýler ýaly elementler bilen baýlaşdyrdylar.
Yzky tarapda dört sany hromlanan turbaly täze gazçykar ulgamy gurnaldy.
Ulagyň salony kaşaňlygyň iň ýokary derejesini saklap galýar: Salon gara ýa-da ak reňkli ýokary hilli Nappa derisinden we ýumşak Alkantaradan işlenildi. Oturgyç örtükleri, tirsekgoýarlar we gapy panelleri täzelendi. Kellegoýarlarda bolsa Tom’s brendiniň ýörite nagyşlary peýda boldy.
Century-nyň nyşany bolan gymmat bahaly agaç bezegleri üýtgewsiz galdyryldy.
Tom’s Racing her bir awtoulaga aýratyn çemeleşýär. Işe başlamazdan öň ulagyň korpusy we tehniki ýagdaýy düýpli barlanýar. Köne ýa-da zeper ýeten bölekler arassalanýar ýa-da täzesi bilen çalşyrylýar. Işler tamamlanandan soň, awtoulaglar resmi dilerler tarapyndan barlanýar. Bu bolsa ulagyň zawod kepilligini saklap galmaga mümkinçilik berýär.
Ulagyň "ýüregi" we sürüş aýratynlyklary üýtgewsiz galdy: Hereketlendiriji: 5,0 litrlik V8 (Hybrid). Kuwwaty: 431 at güýji we 510 Nm aýlaw pursaty. Rahatlygy üpjün edýän adaptiw howa asma ulgamyToyota Century Tom's Edition-yň bahasy 194 000 dollardan başlaýar. Eger alyjyda eýýäm Century bar bolsa, diňe týuning toplumyny 61 500 dollara sargyt edip biler.
Toyota ýakynda Century adyny Lexus-dan hem ýokarda durýan aýratyn bir "ultra-lýuks" brende öwürmek meýilnamasyny yglan edipdi.


düýn 15:12
2.2k+

Toyota we Pony.ai Hytaýda bZ4X önümçilik robotaksisini çykarýar

GAC Toyota we Pony.ai kompaniýalary Hytaýda Toyota bZ4X elektrik krossoweriniň esasynda döredilen täze robotaksisini tanyşdyrdy. Bu ulag sürüjini doly çalşyp bilýän ýedinji nesil awtonom dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyryldy...

düýn 11:54
5.4k+

Awstraliýada Toyota Hilux-yň mahabaty gadagan edildi: Sebäp — itler

Awstraliýanyň mahabat standartlary boýunça geňeşi Toyota Hilux modeliniň täze wideosyny "kanuna garşy we howply hereketleri wagyz edýär" diýip hasaplady. CarExpert portalynyň habar bermegine görä, regulýatorlar wideonyň häzirki görnüşinde efire berilmegini bes etmegi talap etdiler...

11.02.2026 11:25
7.2k+

Täze eýýam: Toyota Highlander 2027 dolulygyna elektrik görnüşe geçdi

Toyota meşhur Highlander modeliniň 2027-nji ýyl üçin niýetlenen täze neslini tanyşdyrdy. Bu gezek Toyota düýpli ädim ädip, Highlander-iň benzinli we gibrid wersiýalaryndan doly ýüz öwürdi we ony diňe elektrikli (BEV) model hökmünde hödürledi...

11.02.2026 10:07
1.8k+

Toyota awtoulag multimedia ulgamlary üçin hususy oýun hereketlendirijisini hödürledi

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň multimediýa ulgamlary üçin ýöriteleşdirilen Fluorite atly hususy oýun hereketlendirijisini işläp düzmäge başlady. Bu taslama Toyota-nyň sanly hyzmatlar we interfeýsler üçin jogapkär bölümi bolan Toyota Connected North America tarapyndan amala aşyrylýar...