Messi «Barselonanyň» derwezesine gol geçirdi

  • 09.02.2026 13:47
  • 15k+

8-nji fewralda Lionel Messi «Inter Maýami» bilen «Barselonanyň» arasynda geçirilen duşuşykda özüniň ajaýyp oýnuny görkezdi. Ol öz hasabyna bir gol we bir assist ýazdy.
Champions Tour — 2026-nyň çäklerinde geçirilen «Inter Maýami» bilen Ekwadoryň «Barselonasynyň» arasyndaky ýoldaşlyk oýny 2:2 hasabynda tamamlandy. Oýun Guaýakildäki «Monumental» stadionynda boldy.
Duşuşygyň 31-nji minutynda Messi garşydaş toparyň goragçylaryndan sypyp, çep aýagy bilen owadan gol girizdi we «Inter Maýami» üçin hasaby açdy.
Arakesmeden öň «Barselona» Žoao Rohasyň ýakyn aralykdan kelle bilen urmagy netijesinde hasaby deňledi. Emma birinji ýarymyň soňlanmagynyň edil öňýany Messiniň topy geçirmeginde German Berterame gol salyp, «Inter Maýamini» 2:1 hasabynda öňe çykardy.
Ikinji ýarymda toparlar birnäçe oýunçyny çalyşdy. «Inter Maýami» Messiniň deregine Luis Suaresi meýdança çykardy. Oýnuň ahyrynda «Barselona» hasaby deňlemegi başardy we duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy.
Bu oýun täze möwsüme taýýarlygyň çäklerinde tälimçi Hawýer Maskerano we onuň oýunçylary üçin üçünji ýoldaşlyk duşuşygy boldy. Klub üçin birinji ýoldaşlyk oýny şowsuz tamamlandy: Peruwda «Alýansa Lima» toparyndan 0:3 hasabynda utuldy. Kolumbiýada bolsa topar «Atletiko Nasionaly» 2:1 hasabynda utdy.


düýn 22:49
5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.3k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......