Apple kompaniýasynyň täze üstünligi: dünýädäki her dördünji smartfon — iPhone

  • 12.02.2026 18:19
  • 3.8k+

Apple dünýäde işjeň ulanylýan smartfonlaryň sany boýunça birinji orny eýeledi. Counterpoint Research barlag kompaniýasynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda planetada ulanylýan ähli smartfonlaryň takmynan 25%-i iPhone-laryň paýyna düşýär. Bu ähli öndürijileriň arasyndaky iň ýokary görkezijidir. Onuň iň ýakyn bäsdeşi bolan Samsung bolsa 20%-e ýeter-ýetmez paý bilen ondan yza galýar.
2025-nji ýylyň netijelerine görä, Apple we Samsung bilelikde dünýädäki işjeň smartfonlaryň 44%-ine gözegçilik edýärler. Bu iki kompaniýa işjeň enjamlarynyň sanyny 1 milliarddan aşyrmagy başaran ýeke-täk öndürijilerdir. Beýleki brendler ulanyjy binýadynyň ölçegi boýunça olardan ep-esli yzda barýar.
Köp ulanylýan smartfonlaryň sany boýunça iň iri öndürijileriň hataryna Xiaomi, Oppo, Vivo, Transsion Group, Huawei, Honor, Motorola, Realme we Google hem girýär. Bu sanawyň ahyryndaky üç brendiň her biriniň işjeň enjamlarynyň sanynyň 200 milliondan hem azdygyny aýtmak gerek.
Barlagda aýratyn bellenilişi ýaly, bahasy 600 dollardan ýokary bolan smartfonlaryň kategoriýasynda diňe Apple we Samsung hökmürowanlyk edýär. Beýleki öndürijileriň bu baha aralygyndaky bazarda agramly paýy ýok.
Counterpoint Research kompaniýasynyň bu maglumatlary satylan däl-de, eýsem häzirki wagtda eýeleri tarapyndan ulanylyp ýörlen enjamlaryň sanyny öz içine alýar.


düýn 23:04
2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....