Superboul-yň finalynda hemmeler "Çirkin ses 7" eşitdi

  • şu gün 10:42
  • 455

Paramount Pictures kinostudiýasy "Çirkin ses 7" (Крик 7) gorkuly filminiň täze tizer-treýlerini hödürledi. Wideorolik ilki Superboul oýny wagtynda görkezildi, soňra bolsa YouTube platformasynda köpçülige ýaýradyldy.

Meşhur sleşer-franşizasynyň ýedinji bölüminde biz ýene-de köne tanyşlarymyz — Niw Kempbell, Kortni Koks we Dewid Arketti göreris. Taslama "Çirkin ses" filminiň ilkinji ssenariçisi Kewin Uilýamson hem dolanyp geldi. Ol bu gezek diňe bir ssenariniň awtory däl, eýsem filmiň režissýory hökmünde-de çykyş edýär.
Wakalaryň merkezinde ýene-de 1996-njy ýyldaky original filmiň baş gahrymany Sidni Preskott durar. Ýatladyp geçsek, Niw Kempbell studiýa bilen maddy meselelerde ylalaşyp bilmändigi sebäpli, filmiň altynjy bölegine gatnaşmandy.
"Çirkin ses 7-niň" taýýarlyk döwri birnäçe galmagallar bilen utgaşdy: 2023-nji ýylyň noýabrynda studiýa syýasy garaýyşlary sebäpli Melissa Barrera bilen hyzmatdaşlygy bes etdi. Şondan bir gün soň, meşhur aktrisa Jenna Ortega iş grafiginiň gabat gelmeýändigi sebäpli taslamadan gidýändigini mälim etdi. Soňra bolsa režissýor Kristofer Lendon hem taslamany terk etdi.
"Çirkin ses 7" filminiň dünýä prokatyna çykjak wagty 2026-njy ýylyň 27-nji fewralyna meýilleşdirildi.


şu gün 11:19
214

"Superboul-2026" dabarasynda hödürlenen iň uly kino-anonslar: Kliff Butdan Supergyza çenli

9-njy fewrala geçilen gije ABŞ-da Milli Futbol Ligasynyň finaly bolan 60-njy "Superboul" geçdi. Dünýä jemgyýetçiligi üçin bu waka diňe bir sport däl, eýsem iň garaşylýan filmleriň täze treýlerleriniň görkezilýän meýdançasy hökmünde hem uly ähmiýete eýedir...

şu gün 00:22
1.2k+

Multfilmiň täze treýlerinde minýonlar kino düşýärler we nägehanlary gözleýärler

Illumination Entertainment studiýasy tarapyndan döredilen "Ýigrenji men" (Гадкий я) animasiýa franşizasynyň dowamy bolan "Minýonlar we Nägehanlar" (Миньоны и Монстры) multfilminiň ilkinji treýleri ýaýradyldy. Täze taslama "spin-off" görnüşinde bolup, esasy ünsi minýonlaryň nobatdaky başdan geçirmelerine gönükdirer...

düýn 16:16
1.6k+

Pol Tomas Anderson ABŞ-nyň Režissýorlar gildiýasynyň baş baýragyna mynasyp boldy

Los-Anjelesde ABŞ-nyň Režissýorlar gildiýasynyň (DGA) 78-nji baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi diýip, Variety neşiri habar berýär. Bu baýragyň ýeňijileri, adatça, geljekki "Oskar" baýragynyň hem esasy dalaşgärleri hasaplanýar...

düýn 07:35
559

Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär

Amazon kompaniýasy filmleri döretmekde emeli aňy ulanmak arkaly önümçilik möhletlerini gysgaltmagy hem-de onuň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, elbetde täze tehnologiýa döredijilik hünärmenleriniň ornuny tutmaz, ýöne onuň has köp taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edip biljekdigine welin, bil baglamak mümkin...