Android üçin Telegram «Liquid Glass» stilinde täze interfeýse eýe boldy

  • 09.02.2026 15:17
  • 1.4k+

Android ulgamy üçin Telegram-yň 12.4 wersiýasy doly täzelenen interfeýs bilen çykdy. AndroidInsider.ru neşiriniň belleýşi ýaly, goşundynyň daşky görnüşi düýpli özgerdilip, ozal iPhone wersiýasynda ulanylan «Liquid Glass» stiline eýe boldy.
iOS üçin bu täzelenme 2025-nji ýylyň oktýabrynda, Telegram-yň iOS 26-nyň bezegine görä sazlanan wagty çykypdy. Indi bolsa şeýle dizaýn Android ulanyjylaryna hem hödürlendi. Goşundy açylanda ulanyjylar öňküsi ýaly çatlaryň, kanallaryň we botlaryň sanawyny görýär, ýöne ekranyň aşaky böleginde «Çatlar», «Kontaktlar», «Sazlamalar» we «Profil» bölümlerine çalt girmäge mümkinçilik berýän nawigasiýa paneli peýda boldy.
Ekranyň ýokarky çep burçundaky üç çyzykly düwme aýryldy. Onuň deregine üç nokatly düwme ulanylýar; bu düwme arkaly gündizki ýa-da gijeki temany üýtgedip, «Halanýanlar» (Избранное) we «Gapjyk» (Кошелек) bölümlerine geçip ýa-da topar döredip bolýar. Bezegde gök reňk azalyp, ak reňk agdyklyk edip başlady. Interfeýsiň elementleri tegelek görnüşe eýe boldy, sazlamalar bölümi bolsa reňkli nyşanjyklar bilen aňladyldy.
Ulanyjynyň profili hem açyk reňkler bilen bezeldi, şol bir wagtyň özünde Telegram Premium ulanyjylary başga reňkleri saýlap biler.
Android üçin Telegram 12.4 eýýäm Google Play-de we işläp düzüjiniň saýtynda elýeterlidir. Köne interfeýse dolanmak üçin goşundynyň öňki wersiýasyny gurnamaly bolar, emma täze funksiýalar diňe iň soňky täzelenmelerde işleýär.


09.06.2026 23:04
3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

05.06.2026 23:49
2.8k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......