M.Naýt Şýamalanyň täze filminiň çykjak senesi indiki ýyla geçirildi

  • şu gün 20:49
  • 315

Režissýor M.Naýt Şýamalanyň ýazyjy Nikolas Sparks bilen bilelikde döreden hekaýasyna esaslanýan täze filmi 2027-nji ýylyň Walentin gününe gabatlanyp ekranlara çykar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berýär.

"Remain" atly film 2027-nji ýylyň 5-nji fewralynda prokata çykar. Bu bolsa filmiň premýerasynyň deslapky meýilleşdirilen wagtyndan takmynan 3,5 aý yza süýşürilendigini aňladýar. Taslamanyň prokaty bilen Warner Bros. Pictures kompaniýasy meşgullanar.
Filmde baş keşpleri Jeýk Jillenhol we Fibi Daýnewor janlandyrýarlar. Taslama adaty bolmadyk "üstünlikli romantiki triller" hökmünde häsiýetlendirilýär.
Sýužet ýordumyna laýyklykda, filmiň wakalary nýu-ýorkly arhitektor Teýt Donowanyň töwereginde bolup geçýär. Ol iň ýakyn dosty üçin tomusky öýüň taslamasyny düzmek maksady bilen Keýp-Kod ýarym adasyna gidýär. Gahryman agyr depressiýadan soňra dikeldiş döwrüni başyndan geçirip, gyz doganynyň ölümi bilen ýüze çykan sarsgyndan soň täze durmuşa başlamaga synanyşýar. Ol ýerde ol özüniň tertipli we adaty dünýäsini bütinleý üýtgeden Ren atly ýaş zenan bilen tanyşýar.
Şýamalan we Aşwin Rajan Blinding Edge Pictures kompaniýasy arkaly Mark Biýenstok we Tereza Park bilen bilelikde filme prodýuserlik edýärler. Nikolas Sparks bolsa taslamanyň ýerine ýetiriji prodýuseri bolup çykyş edýär we häzirki wagtda filmiň esasyny beýan edýän "Remain" atly kitabyny neşir etmäge taýýarlanýar.


şu gün 18:20
851

Netflix Stiwen Spilbergiň «Dinozawrlar» atly dokumental serialynyň treýlerini görkezdi

Netflix Stiwen Spilbergiň prodýuserligindäki «Dinozawrlar» («Динозавры») dokumental serialynyň ilkinji kadrlaryny we treýlerini görkezdi. Filmi meşhur aktýor Morgan Frimen seslendiripdir. Platformanyň beýanatynda aýdylyşy ýaly, «Dinozawrlar» tomaşaçylara «dünýäniň ýitirim bolan eýýamyna syýahaty» hödürleýär...

şu gün 13:15
1.5k+

Blackpink toparyndaky Lisa komediýada surata düşer

Blackpink k-pop toparynyň aýdymçysy Lisa Netflix tarapyndan taýýarlanylýan romantik komediýada keşp janlandyrar. Bu barada Elle žurnaly habar berýär. Bu film aýdymçynyň ikinji aktýorlyk işi bolar. Ol ekrandaky ilkinji ädimi «Ak lotos» serialynyň üçünji möwsümindäki Mukuň keşbinde ädipdi...

şu gün 03:08
1.6k+

Kong, Godzilla we näbelli nägehanlar: «Monarhyň» ikinji möwsüminiň treýleri çykdy

Apple TV+ platformasy «Monarh: Nägehanlaryň mirasy» («Монарх: Наследие монстров») serialynyň ikinji möwsüminiň täze treýlerini görkezdi. Kadrlardan görnüşi ýaly, serialyň gerimi has giňeldi: Godzilla we King-Kong indi wakanyň esasy hereketlendiriji güýçlerine öwrüler...

düýn 15:56
1.1k+

Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň resmi treýleri çykdy

Prime Video striming hyzmaty režissýor Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» atly täze serialynyň resmi treýlerini görkezdi. Taslamanyň ilkinji premýerasy 2026-njy ýylyň 4-nji martyna meýilleşdirildi. Serialda baş keşbi — ýaş Şerlok Holmsy «Soň» («После») kinofranşizasy arkaly tanalýan aktýor Hiro Faýns Tiffin oýnady...