Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň resmi treýleri çykdy

  • 07.02.2026 15:56
  • 1.4k+

Prime Video striming hyzmaty režissýor Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» atly täze serialynyň resmi treýlerini görkezdi. Taslamanyň ilkinji premýerasy 2026-njy ýylyň 4-nji martyna meýilleşdirildi.
Serialda baş keşbi — ýaş Şerlok Holmsy «Soň» («После») kinofranşizasy arkaly tanalýan aktýor Hiro Faýns Tiffin oýnady.
Eseriň wakalary 1870-nji ýylda Oksfordda bolup geçýär. Ýaş Şerlok durmuşyny düýpgöter üýtgedýän uly dildüwşük bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Seriala Kolin Fýort, Jozef Faýns (Şerlogyň kakasynyň keşbinde), Nataşa Makelhoun (ejesiniň keşbinde), Donal Finn (Moriarti), Maks Aýrons (Maýkroft Holms) we beýlekiler gatnaşdy.
Serialyň birinji möwsümi sekiz bölümden ybarat bolar. Taslama meşhur detektiwiň ýaşlyk ýyllaryny görkezmegi we tomaşaçylary onuň häsiýetiniň hem-de derňew usullarynyň kemala gelmegine täsir eden wakalar bilen tanyşdyrmagy wada berýär.


düýn 21:04
935

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......

düýn 15:05
821

Disney “Doňan ýürek”, “Moana” we “Enkanto” multfilmlerinden esasy aýdymlary yşarat diline geçirdi

27-nji aprelde Disney+ striming hyzmaty "Enkanto", "Doňan ýürek - 2" we "Moana - 2" multfilmlerinden esasy aýdymlaryň täzelenen wersiýalaryny çykarar. Onda gahrymanlar hit aýdymlary amerikan yşarat dilinde......

22.04.2026 17:13
1.6k+

Ridli Skottuň «It ýyldyzlar topary» atly postapokaliptik trilleriniň treýleri çykdy

20th Century Studios kinokompaniýasy režissýor Ridli Skottuň «It ýyldyzlar topary» (The Dog Stars) atly postapokaliptik trilleriniň treýlerini köpçülige hödürledi. Filmiň premýerasy 28-nji awgusta......

22.04.2026 11:25
7.3k+

«Türkmenfilm» «TÜRKSOÝ-yň» Molla Nasreddin hakyndaky filmini düşürmäge ýardam berdi

Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň howandarlygynda surata düşürilýän «Molla Nasreddin — kyn günleriň dosty» atly halkara çeper filminiň surata düşüriş meýdançalarynyň birine öwrüldi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr»......