Tramp dermanlary arzan tapmaga kömek edýän TrumpRx saýtyny işe girizdi

  • 07.02.2026 15:29
  • 6.1k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp amerikanlara lukmanlaryň görkezmesi boýunça satyn alyp bolýan dermanlary arzan bahadan tapmaga kömek etjek TrumpRx saýtynyň işe girizilendigini habar berdi.
TrumpRx — bu dermanlary gönüden-göni satmaýan hökümet web-saýtydyr. Ol araçy hökmünde işläp, ulanyjylary dermanlary göni sarp edijilere satýan farmasewtik kompaniýalaryň saýtlaryna ugrukdyrýar. Şeýle hem platformada dermanhanalarda ulanyp boljak kuponlar elýeterlidir. PBS neşiriniň habar bermegine görä, saýt işe girizilen pursatynda onda dermanlaryň 40-dan gowrak görnüşi, şol sanda agramy azaltmak üçin niýetlenen «Ozempik» we «Wegowi» ýaly derman serişdeleri bardy.
«Şu agşam biz saglygy goraýyş ulgamynda taryhda iň giň gerimli başlangyçlaryň biriniň durmuşa geçirilýändigini bellemek üçin ýygnandyk. Ozal beýle zat hiç wagt bolmandy. Şu agşamdan başlap, iň köp ulanylýan we görkezme boýunça satylýan dermanlaryň onlarçasy ähli sarp edijiler üçin uly arzanladyşlar bilen elýeterli bolar» – diýip, Tramp mälim etdi.
Prezidentiň aýtmagyna görä, bahalaryň arzanlamagy onuň administrasiýasynyň derman kompaniýalaryna eden basyşynyň netijesi boldy. Tramp ABŞ-da we beýleki ýurtlarda dermanlar üçin birmeňzeş bahalaryň goýulmagyny talap edendigini, munuň bolsa daşary ýurtlarda dermanlaryň gymmatlamagyna getirjekdigini belledi.
«Biz öz hasabymyza bütin dünýä üçin ýeňillik döretmekden ýadadyk» – diýip, ol nygtady.
Demokratlar bolsa, öz gezeginde, ozalky prezident Jo Baýdeniň döwründe kabul edilen Inflýasiýany peseltmek hakyndaky kanun esasynda başlanan «Medicare» maksatnamasynyň çäklerinde bahalar boýunça gepleşikleri giňeltmegi has netijeli hasaplaýar.
ABŞ derman bazarynyň iň gymmat bolan ýurtlarynyň biri hökmünde galýar, Ýewropada we Aziýada bolsa bahalary kadalaşdyrmagyň has berk mehanizmleri hereket edýär.


09.06.2026 23:14
6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....