YouTube-da wideolaryň awtomatik EA-dublýažy ähli ulanyjylar üçin elýeterli boldy

  • 06.02.2026 23:24
  • 1.6k+

YouTube wideo hyzmaty emeli aňyň esasynda awtomatik dublýaž funksiýasy üçin birnäçe täzelenmeleri yglan etdi. Indi bu hyzmat ähli ulanyjylar üçin elýeterli we 27 dili goldaýar.
YouTube 2024-nji ýylda emeli aň arkaly awtomatik ses bermek funksiýasyny tanyşdyryp, ony diňe synag toparyndaky awtorlar üçin elýeterli edipdi. Soňra, 2025-nji ýylyň sentýabrynda dublýaž hyzmaty dünýädäki millionlarça kontent döredijiler üçin elýeterli boldy. Indi bolsa bu mümkinçilikden islendik adam peýdalanyp biler.
YouTube emeli aňyň kömegi bilen awtomatik dublýaž funksiýasynyň ulanylmagynyň wideonyň asyl nusgasynyň algoritmler tarapyndan tapylmagyna päsgel bermeýändigini, tersine, onuň beýleki dillerde tapylmagyny has-da gowulandyryp biljekdigini belledi. Emeli aň dublýažyny halamaýan awtorlar öňküsi ýaly öz ses bermelerini ulanyp biler. Tomaşaçylara bolsa bu hyzmaty ulanmak üçin sazlamalar belgisine basyp, «Audio Tracks» (Звуковая дорожка) punktyny saýlamak ýeterlikdir.
Häzirki wagtda sekiz dil üçin Expressive Speech funksiýasy elýeterli — ol işjeňleşdirilen ýagdaýynda emeli aň awtoryň ses äheňini we duýgularyny bermäge çalyşýar. Mundan başga-da, platforma Lip Sync diýlip atlandyrylýan täze hyzmaty synagdan geçirýär. Ol gürleýän adamyň dodaklarynyň hereketini terjime edilen ses bilen gabat getirmäge mümkinçilik berer.


düýn 17:00
2.1k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

düýn 09:45
1.2k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....

07.06.2026 20:11
1.8k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
1.9k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......