YouTube 2025-nji ýylda 60 mlrd dollar gazanyp, Netflix-den öňe geçdi

  • 06.02.2026 17:00
  • 1.2k+

YouTube wideohostingi 2025-nji ýylda täsirli maliýe netijelerini görkezdi: mahabatdan we ýazylyşyklardan gelýän umumy girdeji 60 mlrd dollara ýetdi. Bu görkezijiler platforma 45,18 mlrd dollar gazanan Netflix-den ep-esli öňe geçmäge we dynç alyş-güýmenje pudagynyň lideri bolan Disney kompaniýasyna (95,7 mlrd dollar) ýakynlaşmaga mümkinçilik berdi.
Şeýle üstünlikleriň netijesinde Alphabet holdingi ilkinji gezek platformanyň umumy girdejileri barada maglumatlary hödürledi. Kompaniýanyň baş direktory Sundar Piçainiň aýtmagyna görä, häzir Google-yň dürli hyzmatlar, şol sanda YouTube Premium we YouTube TV üçin tölegli abunaçylarynyň sany 325 mln adamdan geçdi.
Dördünji çärýekde mahabat girdejisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 8,7% artyp, 11,38 mlrd dollar boldy. YouTube-yň sport çärelerini görmek üçin platforma hökmündäki girdejisi hem ýokarlandy. Şeýle-de, podkastlara bolan gyzyklanma artdy — diňe 2025-nji ýylyň oktýabrynda olara 700 mln sagat tomaşa edildi, bu bir ýyl ozalkydan 70% köpdür.
Mundan başga-da, YouTube eksklýuziw ýaýlym bazaryndaky ornuny işjeň berkidýär: platforma 2029-njy ýyldan başlap «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasyny görkezmek hukugyna eýe boldy we ýaşlar üçin özboluşly kontent döretmek maksady bilen BBC bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy.
YouTube-yň ýolbaşçysy Nil Mohan kontent döredijiler üçin niýetlenen emeli aň gurallaryna ýokary baha berdi – 2025-nji ýylyň dekabrynda olar her gün milliondan gowrak kanalyň awtorlary tarapyndan ulanyldy. Onuň aýtmagyna görä, YouTube Shorts hem her gün 200 mlrd tomaşa ýygnaýar we şu ýyl oňa hereketsiz suratlaryň formatyny hem goşmak meýilleşdirilýär. YouTube TV ulanyjylary üçin bolsa «köpekranly tomaşa» funksiýasy giriziler we azyndan on sany täze tematiki nyrh meýilnamasy hödürlener. 


06.06.2026 20:43
3.6k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

03.06.2026 22:59
2.6k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

02.06.2026 17:31
1.4k+

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......