Canal+ XXI asyryň iň gowy derwezebanlarynyň adyny yglan etdi

  • 06.02.2026 16:36
  • 5.8k+

Canal+ teleýaýlymynyň žurnalistleri XXI asyryň iň gowy derwezebanlarynyň reýtingini düzdüler. Birinji orny Mýunheniň «Bawariýasynda» oýnaýan nemes golkiperi Manuel Noýer eýeledi.
Ikinji orunda Italiýanyň milli ýygyndysynyň we Turiniň «Ýuwentus» toparynyň öňki derwezebany Janluiji Buffon ýerleşdi.
Üçünji orny Madridiň «Realynyň» düzüminde çykyş edýän belgiýaly derwezeban Tibo Kurtua eýeledi.
Şeýle-de XXI asyryň iň güýçli on derwezebanynyň hataryna ispaniýaly Iker Kasilýas, nemes Oliwer Kan, çehiýaly Pýotr Çeh, niderlandly Edwin wan der Sar, fransuzlar Fabýen Bartez we Ugo Lýoris, şeýle hem kosta-rikaly Keýlor Nawas girdi.
Bu reýting oýunçylaryň XXI asyryň dowamynda klublarda we milli ýygyndylarda gazanan üstünliklerini özünde jemleýär hem-de olaryň milli çempionatlardaky, Çempionlar ligasyndaky we iri halkara ýaryşlaryndaky çykyşlaryna esaslanýar.


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......