Time žurnaly XXI asyryň iň pes baha berlen 50 filminiň sanawyny düzdi

  • 06.02.2026 10:38
  • 1.8k+

Time amerikan žurnaly XXI asyryň dowamynda çykan, emma kino muşdaklary we hünärmenler tarapyndan mynasyp baha berilmedik 50 filmiň sanawyny çap etdi. Sanaw žurnalyň kino tankytçysy Stefani Zaharek tarapyndan taýýarlanyldy.

Bu sanawa, esasan, "näbelli sebäplere görä biziň ýadymyzda ýaşaýan" iňlis dilindäki filmler girizildi. Stefani Zaharek öz saýlawyny: "Käwagt uly bolmadyk ýa-da uly isleg bildirilýän, ýöne kämil bolmadyk filmler ýyllar we onýyllyklar boýy biziň ýadymyzda has çuňňur galýar" divip, düşündirýär.

Tankytçy sanawdaky birnäçe eseri aýratyn belledi:

  • "XX asyryň zenanlary" (20th Century Women), rež. Maýk Mills
  • "25-nji sagat" (25th Hour), rež. Spaýk Li
  • "Uzaga çeken nikalaşma" (Un long dimanche de fiançailles), rež. Žan-Pýer Žöne
  • "Perdäniň aňyrsynda" (Beyond the Lights), rež. Jina Prins-Baýtwud
  • "Plutondaky ertirlik" (Breakfast on Pluto), rež. Nil Jordan
  • "Parlak ýyldyz" (Bright Star), rež. Jeýn Kempion

Animasiýa muşdaklary üçin hem sanawda gyzykly eserler bar:

  • "Pişik durmuşy" (Une vie de chat)
  • "Deňsiz-taýsyz jenap Foks" (Fantastic Mr. Fox)
  • "Gurtlar hakyndaky rowaýat" (Wolfwalkers)

Şeýle-de, sanawda Anton Korbeýniň “Gözegçilik” (Control), “Amerikan ajaýyplygy” (American Splendor), “Meniň adym Dolemaýt” (Dolemite Is My Name), “Skafandr we kebelek” (Le Scaphandre et le Papillon) we “Luis Ueýniň pişik dünýäleri” (The Electrical Life of Louis Wain) ýaly filmler orun aldy.
Okyjylara amatly bolmagy üçin filmler aşakdaky ýaly gyzykly kategoriýalara bölünipdir:

  • Wagt boýunça: "Iki sagat ýa-da ondan köp dowam edýär".
  • Mazmuny boýunça: "Terjimehal we taryhy", "Edebi uýgunlaşmalar".
  • Mowzuklaýyn: "Pişikler bar", "Itler bar", "Saz bilen baglanyşykly".
  • Žanr we ugur: "Komediýalar", "Romantika", "Debýutant režissýorlar".

11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....