Iňlis dilinden okadýan 90 ýaşly zenan mugallym Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 05.02.2026 15:45
  • 5.1k+

ABŞ-nyň Miçigan ştatyndan 90 ýaşly iňlis dili mugallymy Bewerli Hannett-Praýs zenanlaryň arasynda dil öwretmek boýunça iň dowamly karýerasy üçin resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol eýýäm 67 ýyl bäri mekdepde sapak berýär diýip, UPI agentligine salgylanyp, Oxu.Az habar berýär.
Hannett-Praýs Detroit Country Day School mekdebinde iňlis dili dersinden okadýar. Mugallyma rekord şahadatnamasy onuň hormatyna mekdepde gurnalan garaşylmadyk ýygnanyşygyň dowamynda gowşuryldy.
Dabarada «Toni» we «Emmi» baýraklarynyň eýesi, öň Hannett-Praýsyň okuwçysy bolan aktýor Kortni B. Wens çykyş etdi. Ol hut şu mugallymyň özüne pikirlerini dogry beýan etmegi we tekst ýazmagy öwredendigini, şol sebäpli häli-häzirem habarlaşyp durýandyklaryny belledi.
Bewerli mugallymçylyk işine 1958-nji ýylda başlady. Onuň öňki okuwçylarynyň arasynda meşhur aktýor Robin Uilýams we Microsoft kompaniýasynyň öňki baş direktory Stiw Balmer hem bar.
Dabarada çykyş etmek bilen, Hannett-Praýs pensiýa çykmak niýetiniň ýokdugyny aýtdy. «Men bu mekdebi gowy görýärin. Men okatmagy gowy görýärin» diýip, ol belledi.


11.06.2026 10:59
6.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.9k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....