Toyota «Highlander-iň» mirasdüşeriniň salonyny görkezdi: 3 hatar oturgyç we döwrebap tehnologiýalar

  • 05.02.2026 11:26
  • 6.5k+

Toyota kompaniýasy «Highlander» modeliniň ornuny tutjak täze, üç hatar oturgyçly krossoweriniň içki keşbiniň ilkinji suratyny (tizerini) paýlaşdy. Ulagyň resmi danyşdyrylyşy 10-njy fewralda bolar, ýöne eýýämden görünýän zat — kompaniýa giňişlige we ýokary tehnologiýalara esasy ünsüni gönükdiripdir.

Paýlaşylan suratda döwrebap interýeriň esasy elementlerini görmek bolýar: dolulygyna sanly ekrandan ybarat sürüji paneli; salonyň merkezinde ýerleşýän iri göwrümli multimedia ulgamy; ikinji hatarda biri-birinden aýry ýerleşýän amatly oturgyçlar; salony has giň we ýagty görkezýän uly panoramaly üçek.
Deslapky maglumatlara görä, bu täze model 2021-nji ýyldaky bZ konseptine esaslanýan bZ25x elektrikli krossoweri bolup biler. Ulagyň önümçiliginiň 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda ABŞ-da başlamagyna garaşylýar.
Toyota-nyň bu täzeliginiň arkasynda anyk bazar seljermesi ýatyr. Çünki Highlander-iň satuwy 2025-nji ýylda ABŞ-da 37% azaldy. Has uly göwrümli «Grand Highlander» modeline bolan isleg 91% ýokarlandy. Bu görkezijiler alyjylaryň has giň we üç hatar oturgyçly krossowerlere artykmaçlyk berýändigini subut edýär.
Ýanwar aýynyň ahyrynda Toyota USA-nyň paýlaşan «Gözýetimde täze bir zat» diýen jümlesi köplerde pikap barada çaklama döredipdi, emma indi täze krossoweriň gelýändigi resmi taýdan tassyklanyldy.


23.05.2026 08:13
3.4k+

Toyota hereketlendirijilerdäki meseleler sebäpli V6-ly ulaglaryny ýene-de yzyna çagyrýar

Toyota kompaniýasy ABŞ-da 3,5 litrlik V6 hereketlendirijileriniň döwülmek howpy sebäpli 44 müň töweregi Toyota Tundra pikapyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

22.05.2026 14:47
5.5k+

Iň kiçi Toyota Land Cruiser FJ ýolsuz ýerde ýöreýän ulagy ýapon bazaryna çykdy

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda täze Land Cruiser FJ ramaly wnedorožniginiň satuwa çykarylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Model ýeke-täk VX komplektasiýasynda hödürlenip, bahasy 4,5 million ýena......

18.05.2026 06:21
5.8k+

Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy......

14.05.2026 11:11
4.5k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....