Microsoft ahyrsoňunda 30 ýyllyk NTLM howpsuzlyk protokolyny öçürýär

  • 05.02.2026 02:14
  • 817

Microsoft kompaniýasy Windows 11-iň geljekki wersiýalarynda könelen NTLM howpsuzlyk protokolynyň standart (default) ulanylyşyny bes etmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Bu ýerde gürrüň tehnologiýany doly aýyrmak barada däl-de, eýsem ulgamyň standart sazlamalarynyň üýtgedilmegi barada gidýär.

NTLM (New Technology LAN Manager) protokoly eýýäm 30 ýyla golaý wagt bäri ulanylyp gelýär. Ol ilkinji gezek 1993-nji ýylda Windows NT 3.1 bilen bilelikde peýda boldy we ulanyjylaryň ulgamda anyklanylmagy (autentifikasiýa) üçin ulanyldy.
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu protokol häzirki wagtda birnäçe çynlakaý kemçilikleri özünde saklaýar: Häzirki zaman kiber-hüjümleri (meselem, NTLM relay attacks) öňünde durnuksyz.
Protokolyň şifrlemesi döwrebap howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmeýär.
Microsoft NTLM-iň deregine has döwrebap we ygtybarly bolan Kerberos protokolyny esasy saýlaw hökmünde öne sürýär. Windows mundan beýläk anyklama işlerinde ileri tutulýan ugur hökmünde hut şu protokoly ulanar.

«NTLM-iň standart sazlamalardan öçürilmegi onuň Windows-dan doly aýrylandygyny aňlatmaýar. Bu Windows-yň "başlangyç howpsuzlyk" ýagdaýynda hödürlenjekdigini, ýagny NTLM-iň awtomatiki ulanylmagynyň bloklanjakdygyny aňlatmaýar. Operasion ulgam Kerberosa esaslanýan döwrebap we has ygtybarly alternatiwalara artykmaçlyk berer. Şol bir wagtyň özünde, könelen ulgamlar üçin Local KDC we IAKerb ýaly täze mümkinçilikler hödürlener» — diýip, Microsoft-yň wekilleri habar berdiler.

Ulanyjylaryň aglabasy bu üýtgeşmäni duýmazlar, sebäbi häzirki zaman programmalary eýýäm täze protokollar bilen işleýär.
Irki enjamlary we serwerleri ulanýan kärhanalar öz ulgamlaryny Kerberos-a laýyklaşdyrmaly bolarlar ýa-da zerur bolsa NTLM-i el bilen (manual) işjeňleşdirip bilerler.


23.02.2026 13:14
1.2k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
889

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...