Täze Hyundai Tucson ýiti burçly dizaýna, «akylly» salona we diňe gibrid hereketlendirijilere eýe bolar

  • şu gün 12:59
  • 2k+

Hyundai kompaniýasy özüniň iň meşhur krossoweri bolan Tucson modeliniň täze neslini çykarmaga taýýarlanýar. «Carscoops» neşiriniň habar bermegine görä, 2027-nji ýylda bazara çykjak täze model has "agras" (brutal) görnüşe eýe bolar we diňe gibrid güýç ulgamlary bilen hödürlener. Dizel hereketlendirijisi bolsa önümçilikden doly aýrylar.

Täze model häzirki wagtda NX5 indeksi bilen mälimdir. Onuň dizaýny geçen ýyl görkezilen «Crater» konsept-karyna esaslanyp, häzirki model bilen deňeşdirilende, çyzyklary has takyk we burçlak bolar. Öňki aýna diregleriniň (stoýkalaryň) dizaýny «Range Rover» stillerini ýatladýar.
Relýefli kapot, üýtgedilen yzky aýna şekilleri we pikselli çyralar ulagyň döwrebaplygyny artdyrar.

Täze Tucson bilen bilelikde Pleos Connect operasion ulgamynyň täze nesli hem tanyşdyrylar. Ulgam ses kömekçisi we emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylar. Transmissiýanyň selektory (tizlik geçiriş tutawajy) merkezi konsoldan rul sütünine geçiriler. Bu bolsa öňdäki oturgyçlaryň arasyndaky giňişligi has-da artdyrar.
Ähli multimedia dolandyryşy merkezi planşetde jemlener.
Ulagyň hereketlendirijiler sanawynda diňe gibrid (HEV) we torda zarýad alýan gibrid (PHEV) görnüşleri bolar.
1,6 litrlik motor we diňe elektrik energiýasy bilen takmynan 100 km ýol geçmäge ukyply akkumulýator bilen üpjün ediler.
Geljekde has güýçli «N» wersiýasynyň çykmagyna hem garaşylýar.
Täze Hyundai Tucson-yň ilkinji görkezilişi şu ýylyň ahyryna çenli bolar we ol bazarda Toyota RAV4, Honda CR-V, Kia Sportage we Volkswagen Tiguan ýaly güýçli bäsdeşler bilen bäsleşer.


düýn 11:19
2.6k+

Hyundai we Kia ulagyň töweregindäki obýektleri galtaşyksyz anyklaýan ulgamyny tanyşdyrdy

Hyundai Motor Company we Kia Corporation kompaniýalary daş-töwerekdäki obýektlere hakyky wagt tertibinde gözegçilik etmek üçin ultra giň zolakly aragatnaşyk (UWB) tehnologiýasyna esaslanýan «Vision Pulse» howpsuzlyk ulgamyny işläp düzdüler...

02.02.2026 11:08
2.6k+

Hyundai «Santa Cruz» pikapynyň önümçiligini wagtyndan öň bes edýär

Günorta Koreýanyň Hyundai kompaniýasy göteriji kuzowly Santa Cruz pikapynyň önümçiligini meýilleşdirilen möhletinden öň duruzmagy karar etdi. Bu barada «Automotive News» neşiri habar berýär. Ilkibaşda bu modeliň önümçilik döwri 2027-nji ýylyň ikinji çärýegine çenli dowam etmeli diýlip meýilleşdirilipdi...

01.02.2026 22:24
3.7k+

Hyundai howpsuzlyk ýassyklaryndaky näsazlyk sebäpli 570 müňe golaý Palisade krossowerini yzyna ýygnaýar

Hyundai kompaniýasy ABŞ-da üçünji hatardaky gapdal howpsuzlyk ýassyklarynyň näsazlygy sebäpli 570 müňe golaý Palisade krossowerini yzyna çagyrýar. Bu barada Ýol hereketiniň howpsuzlygy Milli administrasiýasy (NHTSA) habar berýär...

26.01.2026 10:00
7.3k+

Täze Hyundai Santa Fe-niň prototipi synag wagty ot aldy. Kompaniýa sebäbini derňeýär

Günorta Koreýada ýol synaglary wagtynda täze nesil Hyundai Santa Fe awtomobiliniň prototipi ýandy. Waka kompaniýanyň Ulsandaky önümçilik merkeziniň golaýynda bolup geçdi. Bu ýerde Hyundai täzelenen modeli synagdan geçirýär...