Hyundai «Santa Cruz» pikapynyň önümçiligini wagtyndan öň bes edýär

  • 02.02.2026 11:08
  • 3k+

Günorta Koreýanyň Hyundai kompaniýasy göteriji kuzowly Santa Cruz pikapynyň önümçiligini meýilleşdirilen möhletinden öň duruzmagy karar etdi. Bu barada «Automotive News» neşiri habar berýär.

Ilkibaşda bu modeliň önümçilik döwri 2027-nji ýylyň ikinji çärýegine çenli dowam etmeli diýlip meýilleşdirilipdi. Emma satuw görkezijileriniň pes bolmagy sebäpli, ýakyn aýlarda önümçilik möçberleri kem-kemden azaldylyp başlanar.
Häzirki wagtda ABŞ-nyň dilerlik merkezlerinde bu ulagyň artykmaç gory emele geldi — bar bolan ätiýaçlyk harytlar birnäçe aýlap söwda etmäge ýeterlikdir. Şol sebäpli hem awtoöndüriji boşan önümçilik liniýalaryny has uly isleg bildirilýän Tucson krossoweriniň önümçiligine ulanmagy meýilleşdirýär.
Santa Cruz modeliniň önümçilikden aýrylýandygyna garamazdan, Hyundai pikap segmentinden doly çykmakçy däl. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli has kuwwatly ramaly pikap döretmegi meýilleşdirýär. Täze taslama üçin General Motors ýa-da Kia platformalary esas bolup biler.
Ýeri gelende bellesek, 2025-nji ýylyň ortalarynda tanyşdyrylan Kia-nyň ramaly Tasman pikapy garaşylan netijeleri bermedi. Awstraliýa bazarynda ýylyň jemleri boýunça bu model Ford we Toyota ýaly bäsdeşlerinden ep-esli yza galdy.


15.06.2026 10:41
2.4k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....