Täze Hyundai Tucson ýiti burçly dizaýna, «akylly» salona we diňe gibrid hereketlendirijilere eýe bolar

  • 04.02.2026 12:59
  • 6k+

Hyundai kompaniýasy özüniň iň meşhur krossoweri bolan Tucson modeliniň täze neslini çykarmaga taýýarlanýar. «Carscoops» neşiriniň habar bermegine görä, 2027-nji ýylda bazara çykjak täze model has "agras" (brutal) görnüşe eýe bolar we diňe gibrid güýç ulgamlary bilen hödürlener. Dizel hereketlendirijisi bolsa önümçilikden doly aýrylar.

Täze model häzirki wagtda NX5 indeksi bilen mälimdir. Onuň dizaýny geçen ýyl görkezilen «Crater» konsept-karyna esaslanyp, häzirki model bilen deňeşdirilende, çyzyklary has takyk we burçlak bolar. Öňki aýna diregleriniň (stoýkalaryň) dizaýny «Range Rover» stillerini ýatladýar.
Relýefli kapot, üýtgedilen yzky aýna şekilleri we pikselli çyralar ulagyň döwrebaplygyny artdyrar.

Täze Tucson bilen bilelikde Pleos Connect operasion ulgamynyň täze nesli hem tanyşdyrylar. Ulgam ses kömekçisi we emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylar. Transmissiýanyň selektory (tizlik geçiriş tutawajy) merkezi konsoldan rul sütünine geçiriler. Bu bolsa öňdäki oturgyçlaryň arasyndaky giňişligi has-da artdyrar.
Ähli multimedia dolandyryşy merkezi planşetde jemlener.
Ulagyň hereketlendirijiler sanawynda diňe gibrid (HEV) we torda zarýad alýan gibrid (PHEV) görnüşleri bolar.
1,6 litrlik motor we diňe elektrik energiýasy bilen takmynan 100 km ýol geçmäge ukyply akkumulýator bilen üpjün ediler.
Geljekde has güýçli «N» wersiýasynyň çykmagyna hem garaşylýar.
Täze Hyundai Tucson-yň ilkinji görkezilişi şu ýylyň ahyryna çenli bolar we ol bazarda Toyota RAV4, Honda CR-V, Kia Sportage we Volkswagen Tiguan ýaly güýçli bäsdeşler bilen bäsleşer.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....