BTS toparynyň 2022-nji ýyldan bäri ilkinji konserti Netflix-de göni ýaýlymda görkeziler

  • 04.02.2026 08:33
  • 1k+

Netflix 21-nji martda Günorta Koreýanyň BTS pop-toparynyň 2022-nji ýyldan bäri ilkinji konsertiniň göni ýaýlymyny geçirer. Bu barada striming hyzmaty X sosial ulgamynda habar berdi.

​Seuldaky çykyş Günorta Koreýanyň taryhynda tutuş dünýäde tomaşa etmek üçin elýeterli boljak ilkinji göni ýaýlym bolar.
​Çäre toparyň «Arirang» atly täze albomynyň çykmagyndan bir gün soňra bolar. Şüweleňiň režissýory edilip 2010-njy ýyldan bäri ABŞ-nyň Superkubogynyň arakesmelerindäki programmalaryň köpüsiniň üstünde işlän Hemiş Hemilton bellenildi.
​27-nji martda platformada režissýor Bao Nguýeniň «BTS: Gaýdyp geliş» atly dokumental filmi çykar. Filmde sazyň ýazylyşy we artistleriň işlerini gaýtadan başlamaga taýýarlyk görüşleri görkeziler. Metbugat beýanatynda kollektiwiň agzalarynyň «özleriniň häzirki ýagdaýyny beýan edýän täze sazlary we öz döwri üçin uly ähmiýetli boljak albom döredýändikleri» bellenilýär.
​Toparyň agzalary Günorta Koreýada hökmany bolan harby gullugy tamamlanlaryndan soň gaýtadan birleşdiler. Aprel aýynda BTS Aziýa, Ýewropa, Awstraliýa, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlaryny öz içine alýan dünýä syýahatyna başlamagy meýilleşdirýär. 2027-nji ýyla çenli dowam etjek syýahatyň çäginde 79-dan gowrak çykyşyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 


düýn 17:28
2.6k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

23.04.2026 21:04
2.2k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......

19.04.2026 14:19
2.6k+

Netflix-iň esaslandyryjysy Rid Hastings 30 ýyla golaý işläninden soň kompaniýadan gidýär

Netflix striming hyzmatynyň esaslandyryjysy Rid Hastings müdirler geňeşiniň başlygy wezipesiniň möhleti tamamlanandan soň, iýun aýynda kompaniýadan gider....

14.04.2026 14:51
956

Netflix «One Piece» animesiniň LEGO görnüşiniň treýlerini hödürledi

Netflix striming gullugy «One Piece» («Bir bölek») älemine esaslanan LEGO-spin-off barada habar berdi we taslamanyň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi....